Saglygym — baýlygym

1 Awgust 2023
324

Häzirki yssy günlerde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin, daşary çykylanda başyň açyk gezmeli däl. Eger uzak ýola gitmeli bolsa, ýanyňyz bilen içimlik suw we saýawan almagy unutmaň. Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Ýüregagyryly, süýjükeselli şeýle-de gipertoniýa keselli (gan basyşy kadaly bolmadyk) adamlara, ýaş çagaly zenanlara Gün şöhlesiniň ýitileşýän çagynda, ýagny 11.00-dan 18.00-a çenli aralykda daşaryk çykmak maslahat berilmeýär.

Aýperi BERDIÝEWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň Döwgala oba saglyk merkeziniň müdiri.