Nesil saglygynyň goragynda

1 Awgust 2023
367

Her ýylyň awgust aýynyň birinji hepdesinde ýurdumyzda hem Bütindünýä ene süýdi hepdeligi geçirilýär. Hepdeligiň maksady eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Çünki ene süýdi bilen çagany iýmitlendirmek diňe bir çaga üçin däl, eýsem, enelere hem peýdalydyr.

Hepdeligiň dowamynda biziň merkezimizde bu ugurdan maslahatlar, lukmanlar we şepagat uýalary bilen okuw sapaklary, şeýle-de ýaş eneler bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şunda enelere çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhüm ähmiýeti, onuň çaga berýän ummasyz peýdalary dogrusynda maslahatlarymyzy yzygiderli berip durýarys. Ýeri gelende belläp geçsek, 2003-nji ýylda merkezimiz «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» adyna hem mynasyp bolupdy. Biz raýatlara hemişe eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň düzgünleri boýunça maslahat berip durýarys.

Zerip BEGLIÝEW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň baş lukmanynyň çagalyk boýunça orunbasary.