Şadyýan çagalygyň bagtyýar pursatlary

31 Iýul 2023
434

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar » döwlet lomaý- bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk » çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry gyzgalaňly dowam edýär.

Tomsuň sapaly günlerinde sergin dag howaly jülge gözelligi — çagalaryň göwnüni göterýän ýerleriň biri. Häzirki wagtda — tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde şöhlezar gözleri bagtdan balkyldap duran çagalaryň ýüzlerçesi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry hem beýleki tapgyrlar bilen bir hatarda çagalaryň dünýäsinde ýatdan çykmajak wakalara baý bolýar. Şeýle wakalary özünde jemleýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de tomusky başdan geçirmeleriň üçünji tapgyry dowam edýär.

Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
Suratlary düşüren: Maksat GYLYJOW, «Biznes reklama».