Başlangyç ilkinji keratoektaziýalarda fotorefraksion keratektomiýa bilen korneal kollagen krosslinkingiň netijeliligi

29 Iýul 2023
622

Keratokonusyň (KK) we duş gelşi boýunça ikinji ýerde durýan keratoektaziýanyň görnüşi bolan pellýusid marginal degenerasiýanyň (PMD) irki anyklanyşy we bejergisi oftalmologiýada möhüm mesele bolup, onuň, esasan, ýetginjeklerde we ýaş, işe ukyply adamlarda agdyklyk edýändigi, köplenç, körlüge, görüş boýunça maýyplyga sebäp bolýandygy bilen şertlenýär [1, 6, 8].

Häzirki wagtda bu patologiýalary bejermekde täze korneal kollagen krosslinking (KKL) usuly girizildi [2, 12, 13]. Dürli görnüşli keratoektaziýalaryň patogenetik bejergisi hökmünde ykrar edilen KKL usulynda stromal süýümleriň fotopolimerazasiýasy kesgitli uzynlykly ultramelewşe şöhläniň we 0,1% riboflawiniň täsiri bilen ýerine ýetirilýär [9]. Netijede, ektaziýaly buýnuz perdäniň biohimiki taýdan berkligi, emele gelýän kowalent arabaglanyşygyň esasynda kollagen süýümleriniň çekilmeginiň we buýnuz perdäniň gatlaklarynyň dykyzlanmagynyň hasabyna güýçlenýär [10]. Soňky ýyllarda KKL bilen birlikde birnäçe korreksiýa usullaryny utgaşdyryp geçirmeklik hödürlenýär [3-5]. KKL ametropiýada az täsirli bolýar. Şol sebäpli ametropiýa introstromal halka goýmak, introokulýar linzalary oturtmak we fotorefraksion keratektomiýa (FRK) emelini geçirmek arkaly korreksiýa edilýär [5, 7]. Şolaryň arasynda az şikesli, howpsuz, emelden soňky refraksiýanyň netijesini çaklamaga mümkinçiligi ýokary bolan FRK bilen KKL usullarynyň utgaşdyrylyp ulanylmagy bolup durýar [3-5, 11].

Şemşat SERDAROWA, Gurban KARANOW, Halberdi DURDYMÄMMEDOW
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy