Sportuň görnüşine baglylykda türgenleriň ýürek gan-damar ulgamynyň funksional ýagdaýy

29 Iýul 2023
567

Häzirki döwürde ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak bilen bir hatarda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonuň üçin ýokary derejeli sport üstünlikleri gazanmak maksatly türgenleri taýýarlamagyň hiline ylmy taýdan çemeleşme meselesine sport fiziologiýasynda we sport lukmançylygynda uly üns berilýär.

Türgenleşme hadysasyna türgen bedeninde döreýän uýgunlaşma jogaby sport ussatlygynyň gazanylmagyna we onuň kämilleşmegine ýardam berýär [7]. Fiziki ýüklenmelere garşy döreýän hem-de sportuň dürli görnüşlerinde öz fiziologiki gymmatlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan uýgunlaşmagyň umumy strategiýasy bedeniň uýgunlaşma jogabyna gatnaşýan ulgamlaryň funksional ýagdaýyna, olaryň çylşyrymlylygyna we ösüş derejesine baglylykda emele gelýär [3].

Gülşirin ROZYÝEWA, Mahym ESENOWA, Sülgün AMANMÄMMEDOWA
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi