''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Halkara matematika olimpiadasy üstünliklere beslendi

Golaýda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy eýýamda ýaş nesillere bilimleri öwretmäge, okatmagyň iň täze usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi bilim ulgamyndaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda we görnüşlerini giňeltmekde, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmekde, şeýle hem oňyn netijeleri gazanmakda diýseň ähmiýetli bolup durýar. Ata Watanymyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän mekdepleriň ulanylmaga berilmegi, olaryň iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň netijeli bolmagy üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ýaşlaryň tebigy bilimler bilen bir hatarda, dünýä dillerini çuňňur öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine has-da gowy täsir edýär. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç ça

Arkadag şäheri ýaş zehinleri dostlaşdyrdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryny, dünýä tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda giň möçberli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylyp, bu ugurda uly üstünlikler gazanylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyň beýan etdi. Biz halkara olimpiadada üstünlik gazanan ýaş, zehinli mekdep okuwçylarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris. Timur TAZEEW, Russiýa Federasiýasy:

Asylly maksatlar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň täze belentliklere çykmagy, şeýle hem ýaş nesillere berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olarda gadymdan gelýän medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza buýsanjy kemala getirmek asylly maksatlaryň biridir. Şunda bilim işgärleri geçilýän okuw sapaklarynda milli terbiýe bermek bilen, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklary hakynda beýan edýärler. Bu bolsa milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillerimize öwretmekde nusgalyk ýoldur.

Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Şu gün — 29-njy martda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Olimpiadanyň ýapylyş dabarasyna ýolbaşçy düzümler, ýurdumyzda hereket edýän ilçihanalaryň wekilleri, köp sanly myhmanlar hem-de bilim ulgamynyň agzalary gatnaşdylar.

Halkara olimpiadalar dünýä ýaşlaryny ýakynlaşdyrýar

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirildi 26 — 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadasy geçirildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýaşlar galkynyşly ýollarda

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiada ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşiniň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda doganlyk ýurtlar bilen aralykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ders bäsleşigi Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar döwletinden, Belarus, Azerbaýjan, Bolgariýa, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan we ýurdumyzdan zehinli ýaş matematikleriň ençemesini bir ýere jemledi.

Ýaş matematikler «akylly» şäherde

Şu günler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirilýär. Düýn Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeni ojaklaryna, söwda-dynç alyş merkezlerine, seýilgählerine hem-de beýleki gözel ýerlerine guralan gezelençler oňa gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Milli bilim ulgamynyň ösüşiniň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülen ders bäsleşigi Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan ýaş matematikleriň ençemesini bir meýdançada jemledi. Olar üçin guralan gyzykly gezelençler bolsa olimpiadanyň köpöwüşginli meýilnamasynyň ýatda galyjy çäreleriniň biri boldy.

Halkara matematika olimpiadasy:

ýaşlaryň bilim başarnyklaryny ýüze çykardy 25-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda 25 — 30-njy mart aralygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi.

Ylym-bilim ulgamyndaky ösüşler

Ylym-bilim ulgamy — beýik üstünliklerimiziň hem nurana geljegimiziň binýady. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalardyr meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamynyň iň täze innowasiýalary we tehnologiýalary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylyp, ykdysady, syýasy, medeni we ylym-bilim kuwwatymyzyň artdyrylmagy netijesinde, eziz Watanymyz okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu u

Buýsanjymyz — bilimli nesiller

Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha ýokarlanýar. Häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, hormatly Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara ylym-bilim öwretmegi has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär. Sözüň doly manysynda, ýurdumyzyň bilim binýadynyň belentlikleri ata Watanymyzy ösüşlere besleýär. Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda milli dil we millilik

Türkmençilikde durmuşa gowy tarapdan seretmek, yrym-ynançlary gowulyga ýormak ýörelgesi asyrlarboýy dowam edip gelýär. Şol asylly däp akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem ene dilimiziň täsirli serişdeleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Milli dil bilen milli düşünje utgaşykly beýan edilip, halkyň duýgusyna, medeniýetlilik derejesine täsir edýär. Makalada beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ewfemizmlerde milli düşünjeleriň sazlaşykly berlişi arkaly halkyň päk duýgularynyň beýany barada pikir ýöredilýär.

Ýaş zehinliler bäsleşende

26-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Halkara derejeli bäsleşik Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylaryň ençemesini bir ýere jemledi. Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen dabarada daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň ajaýyp myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ýyllardaky halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri we taslama-döredijilik işleri, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlary, kitap sergisi bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Açylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, öz zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler haky

Kämilligiň gözbaşy

Berkararlyk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler ähli halkymyzy buýsandyrýar. Çagalar baglaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklary okatmagyň täzeçil usullary, innowasion tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Bilim we terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň ilkinji synplaryndan başlap, kompýuter sowatlylygy öwredilýär. Her ýylda ilkinji synpa gadam basan körpeleriň ählisine «Bilimli» kompýuterleri sowgat berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy

Dünýä dilleri — dostluk köprüsi

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn we berk bedenli bolmagy ugrunda ýadawsyz alada edilýär. Ylmyň iň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy bilen, ulgamda ägirt uly ösüşler gazanylýar, netijeli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» esaslanyp, orta mekdeplerde ýaş nesillere daşary ýurt dilleri ýokary derejede öwredilýär. Mekdebimizde okuwçylara rus, iňlis dilleri bilen birlikde, ýapon dilini öwretmek hem ýola goýuldy. Mekdebimiziň ýapon dili mugallymlarynyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan ýaşlardygyny uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Mekdebimize Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň we beýleki myhmanlaryň gelip görmegi, okuwçylara ýapon diliniň okadylyşyna ýokary baha bermegi guwandyryjydyr. Myhmanlar okuwçylar bilen multimediýa tagtasynda okuw sapagyny geçdiler we Ýaponiýadaky meşhur sakura agajy, ýapon medeniýeti barada täsirli gürrüň berdiler. Ýaponiýanyň medeniýeti bilen bagly sergi myhmanlara uly täsir etdi. Olar mekdebe öz elleri bilen ýasan müň sany ýapon durnasynyň şekillerini we Ýaponiýa bilen b

Döwrebap bilim — aýdyň geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan-da, ýaş nesle daşary ýurt dilleriniň öwredilişini kämilleşdirmekde, okuw sapaklarynyň täsirliligini artdyrmakda görkezme esbaplarydyr tehniki serişdeleriň giňden peýdalanylmagy okuwçylaryň geçilýän sapaklary çuň özleşdirmeklerine ýardam edýär. Mekdebimizde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça alnyp barylýan işleriň talaba laýyk ýola goýulmagy ýaş nesliň bu ugur boýunça has-da kämilleşmegine getirýär. Her bir geçilýän sapagyň ýatda galyjy, täsirli bolmagy üçin görkezme esbaplaryndan, tehniki serişdelerden giňden peýdalanýarys. Dil biliminiň ugurlary boýunça geçilýän sapaklarda ýazuw işleriniň ýeke-täk talaplar boýunça alnyp barylmagy we okuwçylar bilen söhbetdeşlik guralyp, ýörite sorag-jogaplaryň ýola goýulmagy ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşykly geçirilýän synp we okuw sapaklarynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry, söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň many-mazmuny barada okuwçylara düşünje berýäris. Şahyryň daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularyny

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we sanly bilimi has-da ösdürmek maksady bilen düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň ýokary hilli we çuňňur bilim hem-de mynasyp edep-terbiýe almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim bermegiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, mugallymlaryň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esas

Ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek okuwçylara sowgat beriljek, Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak hakyndaky Karary biz — bilim işgärlerini diýseň guwandyrdy, buýsandyrdy. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 okuwça noutbuk kompýuterleri gowşurylar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Bilimli» atly kompýuterleri indi birnäçe wagtdan bäri uly meşhurlyga eýe boldy. Ýaş nesillerimiziň kompýuter tehnologiýasyndan oňat baş çykarmagy babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň işi sanlylaşdyrylýar. Okuwçy ýaşlarymyzyň döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň guwandyryjy netijeleridir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Beýik geljegiň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Zehinli okuwçylarymyza buýsanýarys Welaýatymyzda orta mekdepleriň arasynda iş tejribesini öwrenmäge we ony ýaýratmaga mynasyp mugallymlaryň birnäçesi bar. Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdepde informatika, matematika dersinden okadýan ýokary derejeli mugallym Amanmuhammet Täçkulyýew hem şolaryň hatarynda tanalýar. Amanmuhammet mugallym indi 30 ýyl gowrak wagt bäri bu dersden okuwçylara bilim-terbiýe berýär. Bu mugallym bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde aýratyn işjeňlik görkezýär. Tejribeli mugallymyň iş tejribesi öwrenilmäge mynasyp hasaplanylýar.

Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy

26-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylar halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.