Ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda

27 Mart 2024
284

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek okuwçylara sowgat beriljek, Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak hakyndaky Karary biz — bilim işgärlerini diýseň guwandyrdy, buýsandyrdy. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 okuwça noutbuk kompýuterleri gowşurylar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Bilimli» atly kompýuterleri indi birnäçe wagtdan bäri uly meşhurlyga eýe boldy. Ýaş nesillerimiziň kompýuter tehnologiýasyndan oňat baş çykarmagy babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň işi sanlylaşdyrylýar. Okuwçy ýaşlarymyzyň döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň guwandyryjy netijeleridir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim biziň beýik geljegimizdir. Beýik geljegiň binýadyny bolsa ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy arkaly berkitmek mümkindir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy babatda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň kepilidir. Bu günki ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesil Watanyň ertirki eýeleridir. Bagtyýar nesilleriň röwşen geljegini üpjün etmek babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary diňe üstünliklere beslensin!

Jennet AHMEDOWA,
Şabat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar