Buýsanjymyz — bilimli nesiller

27 Mart 2024
321

Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha ýokarlanýar. Häzirki döwürde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, hormatly Prezidentimiziň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara ylym-bilim öwretmegi has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär. Sözüň doly manysynda, ýurdumyzyň bilim binýadynyň belentlikleri ata Watanymyzy ösüşlere besleýär. Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen onuň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Netijede, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň utgaşykly peýdalanylmagy üns merkezinde saklanylýar. Şeýle-de ýaş alymlara döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär hem-de olaryň höweslendirilmegi üçin uly goldaw berilýär.

Aganazar SAPAROW,
kapitan.
Beýleki habarlar