Magtymguly Pyragynyň goşgularynda milli dil we millilik

27 Mart 2024
277

Türkmençilikde durmuşa gowy tarapdan seretmek, yrym-ynançlary gowulyga ýormak ýörelgesi asyrlarboýy dowam edip gelýär. Şol asylly däp akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem ene dilimiziň täsirli serişdeleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Milli dil bilen milli düşünje utgaşykly beýan edilip, halkyň duýgusyna, medeniýetlilik derejesine täsir edýär.

Makalada beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky ewfemizmlerde milli düşünjeleriň sazlaşykly berlişi arkaly halkyň päk duýgularynyň beýany barada pikir ýöredilýär.

Mährijemal JUMAÝEWA,
türkmen dili we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar