Berkararlyk binýady

27 Mart 2024
239

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler ähli halkymyzy buýsandyrýar. Çagalar baglaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklary okatmagyň täzeçil usullary, innowasion tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Bilim we terbiýeçilik işleri yzygiderli kämilleşdirilýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan kämil baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň ilkinji synplaryndan başlap, kompýuter sowatlylygy öwredilýär. Her ýylda ilkinji synpa gadam basan körpeleriň ählisine «Bilimli» kompýuterleri sowgat berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekdi. Munuň özi eziz Watanymyzda uly üns-alada bilen gurşalýan ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň nyşanydyr.

Bahar ÖWEKOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar