Kämilligiň gözbaşy

27 Mart 2024
483

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Islendik döwletiň ösüş derejesi ýurtdaky alnyp barylýan syýasatyň esasynda ýüze çykýar. Her bir raýatyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamyny dünýä tejribelerine daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ýaly öňde goýlan möhüm wezipeleriň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň has güýçli we sazlaşykly ösdürilýän ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesilleri terbiýelemekde we netijeli bilim bermekde ýokary, ýörite we orta okuw mekdeplerinde dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan, enjamlaryndan peýdalanylýar. Sanly bilim ulgamy, uzak aralykdan geçirilýän teleköpri okuwlar, sanly bilim portaly we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr. Bilim ulgamyndaky çäksiz özgertmeleri amala aşyrmak bilen, biziň baş maksadymyz ýaşlara bilim we terbiýe bermekde dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykyp, ýurdumyzyň ösüşini mundan-da has pugtalandyrmakdyr.

Dünýägözel ÇERKEZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar