Asylly maksatlar rowaçlanýar

31 Mart 2024
315

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösmegine we kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň täze belentliklere çykmagy, şeýle hem ýaş nesillere berilýän bilimiň derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda uly tagalla edýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olarda gadymdan gelýän medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza buýsanjy kemala getirmek asylly maksatlaryň biridir. Şunda bilim işgärleri geçilýän okuw sapaklarynda milli terbiýe bermek bilen, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklary hakynda beýan edýärler. Bu bolsa milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillerimize öwretmekde nusgalyk ýoldur.

Ogulbäbek GARRYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar