Ýaş matematikler «akylly» şäherde

29 Mart 2024
266

Şu günler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirilýär. Düýn Aşgabat we Arkadag şäherleriniň medeni ojaklaryna, söwda-dynç alyş merkezlerine, seýilgählerine hem-de beýleki gözel ýerlerine guralan gezelençler oňa gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Milli bilim ulgamynyň ösüşiniň häzirki zaman derejesine çykýandygynyň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülen ders bäsleşigi Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan ýaş matematikleriň ençemesini bir meýdançada jemledi. Olar üçin guralan gyzykly gezelençler bolsa olimpiadanyň köpöwüşginli meýilnamasynyň ýatda galyjy çäreleriniň biri boldy.

Merýem ŞYHYNÝAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar