''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Aşpez talyplar bäsleşdiler

4-nji maýda Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde ýurdumyzyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Hünär ussatlygy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Şeýle at bilen geçirilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat şäherinden we welaýatlardan talyplar gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu bäsleşigiň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde näderejede özleşdirip bilendigini barlamakdan, talyplaryň hünär taýýarlygyny, döredijilik ukybyny, öňdebaryjy ussat hünärmenleri taýýarlamagyň hil derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Bäsleşik aşpezçilik işi we konditer ugurlary boýunça alnyp baryldy. Aşpezçilik işi ugruna degişli bäsleşijiler ak tüwüden towukly sote, jüýjeli çorba, şeýle hem gök önümlerden işdäaçar taýýarlamak boýunça bäsleşdiler. Berlen ýumşy ýerine ýetirmek üçin gatnaşyjylara bäş sagat wagt berildi. Şol wagtyň içinde bäsleşige gatnaşýanlar öz ukyplaryny, ezberliklerini görkezmäge, saçagy owadan, gelşikli bezemäge ýetişmeli. Taýýarlanylan tagamlaryň hiline, görnüşine, arassaçylyk gigiýenasyna aýratyn üns berilmeli. Talyplaryň taýýarlan tagamlaryna emin agzalary, esasan, gök önümleriň talabalaý

«Açyk gapylar» güni geçirildi

4-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary hem-de birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Olar okuw mekdebinde okadylýan derslerdir hünärler bilen ýakyndan tanyşdylar. Sapaklara gatnaşyp, her bir hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem bu ýere gelen myhmanlar mekdebiň girelge zalynda guralan ýörite sergä aýlanyp gördüler. Sergi diwarlyklarynda filmlerde, gepleşiklerde ulanylýan döwrebap tehnologik enjamlar, bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň taýýarlamagynda hünärler bilen tanyşdyrýan ýörite wideorolikler görkezildi. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde ussat mugallymlar telewideniýä, kino we mahabata degişli ugurlardan ýaşlara bilim berýärler. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe arkaly has-da berkidýärler.

Kitap sahypalaryny agdarýan körpeler

Suratda: Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň 1-nji synp okuwçylary «Harplyk» baýramynda.   Şu günler ýurdumyzyň bilim ulgamynda, aýratyn-da, orta bilim berýän mekdeplerde okuwlar tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mekdepleriň iş meýilnamalaryna laýyklykda göreldeli sapaklaryň, usuly maslahatlaryň, çagalaryň arasynda sport, zehin bäsleşikleriniň guralmagy-da körpe nesliň okuwa bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ýaly ugurlar yzygiderli ösdürilýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam üstünlikli ösdürilýär. Sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýip nygtaýşy ýaly, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Eziz Diýarymyzda ykjam we internet aragatnaşyk ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilip, sanly u

Zehinlileriň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň görkezijileridir. Bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedia, tehniki serişdelerdir oku

Dünýä dilleri — ylym-bilimiň çeşmesi

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler üstünliklere beslenýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan ylym-bilim ulgamyny geljekde has-da ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, medeniýetde beýik ösüşlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzy ösdürmegiň baş ugry Milli maksatnamamyzyň çäklerinde kesgitlenip, köpçülikleýin sanly ulgama geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim bermegiň iň kämil usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, iň täze kompýuter usullaryny netijeli ulanmak ýola goýulýar. Munuň özi ýaşlaryň ylym-bilimi tiz özleşdirmeklerine oňat ýardam edýär. Ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, dünýä dillerini öwrenmekleri hem aýratyn ugurlaryň biridir. Çünki dünýä dilleri iň täze tehnologiýalary özleşdirmä

Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak babatdaky taýsyz aladalaryndan ugur alyp, bilim ulgamynyň hünärmenleri özleriniň döredijilikli zähmetlerini ýaş nesle bilimleriň esaslaryny giňden öwretmäge sarp edýärler. Ýaşlara ylym-bilim, terbiýe öwretmekde orta mekdeplerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmegiň döwrebap usullary ösdürilýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň, sapaklary guramagyň döwrebap usullaryna uly ähmiýet berilýär. Edebiýat sapagynda hem dürli şekilleri, suratlary ulanyp, multimedia tagtasynda goşgulary, edebiýata degişli maglumatlary okatmak bolýar. Orta mekdepleriň 5-nji synpynda türkmen nusgawy edebiýaty barada düşünje berilýär. Okuwçylara nusgawy edebiýat hakynda giňişleýin gürrüň bermekde multimedia tagtasynyň, okuw kitabynyň ähmiýetlidigini bellemek gerek. Mysal üçin, türkmen edebiýatynyň taryhy, XVIII asyr edebiýaty hakynda sapak geçenimde multimedia tagtasynda XVIII asyrda ýaşap geçen şahyrlaryň surat şekillerini, ýaşan döwri bilen

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Ýaş nesiller ýurdumyzyň röwşen geljegidir, ýagty ertiridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän giň mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, iň täze kompýuter enjamlary bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi ýaş nesiller hakyndaky aladadan, giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda iň häzirki zaman bilim ojaklary, medeni dynç alyş we döredijilik merkezleri bardyr. Bu bilim edaralarynyň döwrebap tehnologiýalar, esasan hem, innowasiýa, multimedia, we interaktiw ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin giň şertler döredilendir. Bu bolsa ýaş nesilleri bilim öwrenmäge, dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge ruhlandyrýar.

Tejribäniň möhüm ähmiýeti

Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmekde Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda hünärmenler taýýarlanylýar. Taryhy tapyndylary dikeltmek boýunça ýokary okuw mekdebimizde halypa, ussat mugallymlarymyz bilen daşary ýurtlardan gelen alymlarymyz bilelikde tejribe okuwyny geçýärler. Biziň ýurdumyzda ýadygärlikleri öwrenmek boýunça gazuw-agtaryş işleri güýz, ýaz aýlarynda alnyp barylýar. Bu möwsümleýin işi öwrenmäge alymlarymyz, dünýäniň dürli döwletlerinden biziň taryhy gymmatlyklarymyza gyzyklanma bildirip gelen alymlar hem gatnaşýarlar. Bu alnyp barylýan işlerde talyplarymyzyň tejribe alýandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyzyň bilim derejesini baýlaşdyrmakda ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdebimizde daşary ýurt alymlary ussatlyk sapaklaryny geçýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji aprelinden 3-nji maýy aralygynda Çehiýa Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyndan dikeldiji we rejeleýji, arheologiýany öwreniji doktor Estel Ottenwelter institutyň tejribehanasynda mugallymlara hem-de talyp ýaşlarymyza arheologik tapyndylarda ýüze çykarylan keramika gap-gaçlaryny gorap saklamak boýunça kämilleşdiriş okuw sapagyny geçdi. Alym ýurdumyzyň çäginde tapylan birnäçe

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Ýat diktantyny ýazdyrmagyň ähmiýeti Türkmen dili we edebiýaty derslerinden okuwçylara köp sözleri öwretmek, dürs ýazuw düzgünlerini öwrenmekleri üçin sözlükleriň üstünde işlemek hem-de ýatdan diktantlary ýazdyrmak ýaly usullary yzygiderli ulanmak bolýar. Munuň hem özüniň ýörite düzgünleri bar. 7-nji synpda edebiýat dersinden Magtymguly Pyragynyň «Näler görüner» goşgusyny öwredenimde, ilki labyzly okuw gurap, soňra ony okuwçylara ýat tutdurdym.

Kitap ruhy baýlykdyr

Türkmen halky şöhratly taryhynda kitaba we kitaphanalara aýratyn üns-alada bilen garapdyr. Biz muňa taryhyň sahypalaryndan, golýazma çeşmelerinden hem aýdyň göz ýetirýäris. Pähimdar pederlerimiziň kitaba hormat goýandygyny Orta asyr alymlarynyň eserlerinde aýdyň görmek bolýar. Gadymy Merwdäki, Köneürgençdäki ylmy kitaphanalar, obserwatoriýalar ençeme alymlaryň kemala gelmeginde möhüm orny eýeläpdir. Irki döwürden ata Watanymyz baý medeni mirasyň we ruhy gymmatlyklaryň pajarlap ösen mekany bolupdyr. Muňa ençeme gadymy galalar, köşkler we kerwensaraýlar bilen birlikde kitaphanalaryň, ylmy ojaklaryň yzlary şaýatlyk edýär. Taryhyň sahypalaryna ýüzlenip, gadymy kitaphanalaryň yzlary hakynda oýlanmak örän täsirli. Olaryň arasynda Merwiň aýratyn orny bardyr.

Okuw­çy­la­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň öň­den­gö­rü­ji sy­ýa­sa­ty esa­syn­da ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my uly üs­tün­li­ge bes­len­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimiz: «Ylym­ly ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuw­wat­ly güý­jü­dir, hal­ky­my­zyň be­lent mak­sat­la­ra ýug­ru­lan nu­ra­na gel­je­gi­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär. Döw­re­bap okuw bi­na­la­ry yzy­gi­der­li gurlup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ýaş­la­ryň gel­jek­de ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin or­ta mek­dep­ler­den baş­lap, ola­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş nes­li zäh­me­te we hü­när saý­la­ma­ga taý­ýar­la­mak döw­le­tiň esa­sy we­zi­pe­si­niň bi­ridir.

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa çagalarda bilime söýginiň has körpeje wagtyndan başlanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýakynda Mary şäherinde geçirilen «Çagalara bilim bermekde okatmagyň işjeň öwreniş usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilen baglanyşykly okuw-görkezme esbaplaryny, audio-wideo mat

Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň «Diller» kafedrasynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça agzalarynyň guramagynda «Türkmenistan — bagtyýar we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly iňlis dilinde zehin bäsleşigi geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.

Bilim daragtynyň miweleri

Ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde, şeýle hem paýtagtymyzda ýerleşýän 99-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ýylyň mugallymy — 2024», «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» atly bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu bäsleşikleriň esasy maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekden, kämil aň-düşünjeli, sagdyn bedenli ýaş nesilleri kemala getirmekde döredijilikli işleýän, usul taýdan taýýarlykly, öňdebaryjy pedagogik işgärleri ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakdan ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ösüşini dowam etdirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde asylly käriň eýeleri bolan mugallymlardyr terbiýeçilere uly hormat goýulýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mugallymlardyr terbiýeçileriň bilimini, hünär derejesini, tejribesini artdyrmaga, täze usullary özleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalarda

Dil bilmek — hazyna

Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde ýokary we orta bilim berýän okuw jaýlarynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdeplerdir bilim merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi ýaşlarymyzyň dil başarnyklaryny ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň kämilleşmegi, ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmekleri, daşary ýurt dillerinde gepleşip, pikir alşyp bilmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Bu işler çagalaryň ösüşine, kabul edijilik ukybyna görä, çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde, bilim merkezlerinde, ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Iňlis, rus, nemes, fransuz, arap-pars, hytaý-ýapon, italýan, ispan dilleriniň hem öwredilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bilim binýady berkeýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda bagtyýar çagalarymyza döwrebap ylym-bilim bermekde degerli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bagtyýar nesillerimize dünýä ölçeginde ylym-bilim, asylly terbiýe bermek üçin ähli şertler döredilýär. Hut şu maksat bilen biz — mugallymlar bilim ulgamynda ajaýyp zamanamyzyň bezegi bolan ýaş nesliň erkana ösmegi, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, kämil nesiller bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen janaýamazakly zähmet çekýäris.

Bilim

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň bilimli, zehinli bolmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim işgärleri öz yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Nursähet Babalyýewdir. Ýaş nesillere bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýan, uly abraýdan peýdalanýan Nursähet mugallym Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetini tamamlap, dürli ýerlerde zähmet çekýär. Mugallym häzirki wagtda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde okuwçylara bilim berýär. Onuň bilim berýän okuwçylary geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanýarlar. Nursähet mugallym 35 ýyl bäri okuwçylaryň bilimli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman işleýär. Zähmetsöýer, hünäriniň ussady bolan mugallyma ene-atalar çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar. Mugallymyň soňky ýyllarda ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlara halypalyk edýändigini aýratyn bellemek gerek.

Dabaralara taýýarlykly barylýar

25-nji maýda bilim ojaklarynda giňden ýaýbaňlandyryljak mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge Ak bugdaý etrabynda häzirden degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şonuň çäginde etrabyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda TMÝG-niň etrap Geňeşi şu günler 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ak mekdepler bilen hoşlaşjak mekdep uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. “Soňky jaň” dabaralaryny özboluşly toý ruhunda, guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän şeýle çärelere mekdep mugallymlarynyň, şeýle-de mekdep uçurymlarynyň ata-eneleriniň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabymyzyň ýaşlarynyň ýüzlerçesine mekdep uçurymy bolmak bagty miýesser edýär. Şoňa görä-de, “Soňky jaň” dabaralarynda etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak, okuw ýylynda tapawutlanan mekdep uçurymlaryny jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sylaglamak meýilleşdirilýär. Munuň özi 25-nji maýda geçiriljek dabaralara baý many-mazmun goşar. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, mekdep okuwçylarynyň “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylykly geçmegini gazanmakda mynasyp tagalla ederis.

Beýik işlere buýsanç

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny ündeýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara döwrüň ösen talaplaryna laýyk bilimleri öwrenmek, kämilleşmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesliň wekilleri bu aladalara öz bilim-sowatlaryny köpugurly, çuňňur ösdürmek bilen jogap berýärler. Ýaşlar abraýly halkara bäsleşiklerinde — taslamalar boýunça we ders olimpiadalarynda, ylmy forumlarda, şol sanda dünýäde barha meşhur bolýan Internet-formatda gurnalýan ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalar hem-de ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle halkara bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, ýaşlaryň öňdebaryjy ylymlara, bilimlere höwesini has-da artdyryp, özara tejribe alşylmagyna ýardam edýär. Halkara internet olimpiadalary barha giň meşhurlyga eýe bolup, ýurdumyzyň ýaşlary olara gatnaşyp, ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Halkara olimpiadalar ýaşlary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek, olaryň dünýä ülňülerin