Zehinlileriň bäsleşigi

5 Maý 2024
368

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalarynyň aýdyň görkezijileridir.

Bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän döwrebap kompýuterler, multimedia, tehniki serişdelerdir okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaşlara döwrebap bilim bermek babatdaky işler giň gerim bilen dowam etdirilýär.

Röwşen ÇERKEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar