Röwşen geljegimiziň şuglasy

5 Maý 2024
499

Ýaş nesiller ýurdumyzyň röwşen geljegidir, ýagty ertiridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän giň mümkinçilikler bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda döwrebap orta mekdepler, çagalar baglary, iň täze kompýuter enjamlary bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi ýaş nesiller hakyndaky aladadan, giň mümkinçiliklerden gözbaş alýar.

Ösüp gelýän ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda iň häzirki zaman bilim ojaklary, medeni dynç alyş we döredijilik merkezleri bardyr. Bu bilim edaralarynyň döwrebap tehnologiýalar, esasan hem, innowasiýa, multimedia, we interaktiw ulgamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şonuň ýaly-da, çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin giň şertler döredilendir. Bu bolsa ýaş nesilleri bilim öwrenmäge, dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge ruhlandyrýar.

Nurtäç TÄÇMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 72-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar