Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

2 Maý 2024
285

Bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilýän eziz Diýarymyzda ýaş nesiller aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap şertler olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlaryň häzirki zaman derejesinde bilim almaklaryna, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine-de möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylym-bilime höweslendirmegiň hut çagalar baglaryndan başlanmalydygyny nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli tabşyryklary esasynda, ýurdumyzda bu ugurda döwrebap özgertmeler, netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyp, interaktiw usulda okuw-görkezme esbaplary, audio-wideo materiallary taýýarlamak we okuw işinde ulanmak giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa çagalarda bilime söýginiň has körpeje wagtyndan başlanmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýakynda Mary şäherinde geçirilen «Çagalara bilim bermekde okatmagyň işjeň öwreniş usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak bilen baglanyşykly okuw-görkezme esbaplaryny, audio-wideo materiallary taýýarlamak boýunça hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmek» atly usuly-amaly maslahatda hem bular barada giňişleýin gürrüň edildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen bilim işgärlerini, çagalar baglarynyň terbiýeçilerini bir ýere jemlän bu maslahat mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw işlerini döwrebap derejede guramak babatda özara pikir we tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, mekdebe çenli bilim edaralarynda okuw sapaklaryny usuly taýdan dogry alyp barmak üçin, çagalar baglarynyň pedagogik işgärleriniň ulanýan her bir görkezme esbaby, elektron ýazgylary degişli okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, onda çagalaryň ýaş aýratynlyklary, ukyp-başarnyklary göz öňünde tutulmalydyr.

Maýagözel JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 184-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar