Dil bilmek — hazyna

1 Maý 2024
547

Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeginde ýokary we orta bilim berýän okuw jaýlarynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdeplerdir bilim merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi ýaşlarymyzyň dil başarnyklaryny ösdürmekde örän ähmiýetlidir.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň kämilleşmegi, ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermek babatda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dil öwrenmekleri, daşary ýurt dillerinde gepleşip, pikir alşyp bilmekleri üçin ähli şertleri döredýär. Bu işler çagalaryň ösüşine, kabul edijilik ukybyna görä, çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde, bilim merkezlerinde, ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Iňlis, rus, nemes, fransuz, arap-pars, hytaý-ýapon, italýan, ispan dilleriniň hem öwredilmegi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini has-da artdyrýar.

Ýoldaşbaý BEGMYRADOW,
Köneürgenç etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar