Kitap ruhy baýlykdyr

5 Maý 2024
368

Türkmen halky şöhratly taryhynda kitaba we kitaphanalara aýratyn üns-alada bilen garapdyr. Biz muňa taryhyň sahypalaryndan, golýazma çeşmelerinden hem aýdyň göz ýetirýäris. Pähimdar pederlerimiziň kitaba hormat goýandygyny Orta asyr alymlarynyň eserlerinde aýdyň görmek bolýar. Gadymy Merwdäki, Köneürgençdäki ylmy kitaphanalar, obserwatoriýalar ençeme alymlaryň kemala gelmeginde möhüm orny eýeläpdir. Irki döwürden ata Watanymyz baý medeni mirasyň we ruhy gymmatlyklaryň pajarlap ösen mekany bolupdyr. Muňa ençeme gadymy galalar, köşkler we kerwensaraýlar bilen birlikde kitaphanalaryň, ylmy ojaklaryň yzlary şaýatlyk edýär.

Taryhyň sahypalaryna ýüzlenip, gadymy kitaphanalaryň yzlary hakynda oýlanmak örän täsirli. Olaryň arasynda Merwiň aýratyn orny bardyr.

Täzegül MAMEDOWA,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar