Bilim daragtynyň miweleri

1 Maý 2024
297

Ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde, şeýle hem paýtagtymyzda ýerleşýän 99-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ýylyň mugallymy — 2024», «Ýylyň terbiýeçisi — 2024» atly bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu bäsleşikleriň esasy maksady ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekden, kämil aň-düşünjeli, sagdyn bedenli ýaş nesilleri kemala getirmekde döredijilikli işleýän, usul taýdan taýýarlykly, öňdebaryjy pedagogik işgärleri ýüze çykarmakdan, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmakdan ybaratdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ösüşini dowam etdirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde asylly käriň eýeleri bolan mugallymlardyr terbiýeçilere uly hormat goýulýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mugallymlardyr terbiýeçileriň bilimini, hünär derejesini, tejribesini artdyrmaga, täze usullary özleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalardan işjeň peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bilim-terbiýeçilik işiniň hilini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek maksady bilen olaryň hünärini yzygiderli kämilleşdirmekleri üçin dürli bäsleşikler geçirilýär.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar