Dünýä dilleri — ylym-bilimiň çeşmesi

5 Maý 2024
329

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler üstünliklere beslenýär. Döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan ylym-bilim ulgamyny geljekde has-da ösdürmek maksady bilen ýurdumyzda giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, medeniýetde beýik ösüşlere ýetmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Ýurdumyzy ösdürmegiň baş ugry Milli maksatnamamyzyň çäklerinde kesgitlenip, köpçülikleýin sanly ulgama geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim bermegiň iň kämil usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, iň täze kompýuter usullaryny netijeli ulanmak ýola goýulýar. Munuň özi ýaşlaryň ylym-bilimi tiz özleşdirmeklerine oňat ýardam edýär. Ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, dünýä dillerini öwrenmekleri hem aýratyn ugurlaryň biridir. Çünki dünýä dilleri iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge, dünýäniň ylmy kitaplaryny öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda uly işleriň durmuşa geçirilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň birnäçesi öwredilýär. Dil ýaşlaryň aňyny, dünýägaraýşyny ösdürýär, olaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrýar. Şeýlelikde, ýaşlar giň dünýägaraýyşly we kämil ylym-bilimli hünärmenler bolup ýetişýärler. Ylym-bilimiň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi iň täze gazanylanlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmaga giň ýol açýar.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar