Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

5 Maý 2024
395

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly tagalla edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere berilýän bilimiň, terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak babatdaky taýsyz aladalaryndan ugur alyp, bilim ulgamynyň hünärmenleri özleriniň döredijilikli zähmetlerini ýaş nesle bilimleriň esaslaryny giňden öwretmäge sarp edýärler. Ýaşlara ylym-bilim, terbiýe öwretmekde orta mekdeplerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak esasy wezipeleriň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmegiň döwrebap usullary ösdürilýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň, sapaklary guramagyň döwrebap usullaryna uly ähmiýet berilýär. Edebiýat sapagynda hem dürli şekilleri, suratlary ulanyp, multimedia tagtasynda goşgulary, edebiýata degişli maglumatlary okatmak bolýar.

Orta mekdepleriň 5-nji synpynda türkmen nusgawy edebiýaty barada düşünje berilýär. Okuwçylara nusgawy edebiýat hakynda giňişleýin gürrüň bermekde multimedia tagtasynyň, okuw kitabynyň ähmiýetlidigini bellemek gerek. Mysal üçin, türkmen edebiýatynyň taryhy, XVIII asyr edebiýaty hakynda sapak geçenimde multimedia tagtasynda XVIII asyrda ýaşap geçen şahyrlaryň surat şekillerini, ýaşan döwri bilen bagly maglumatlary görkezýärin. Bu usul okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ýatkeşligini hem berkidýär. Edebiýat sapagynda pähimdar pederlerimiz, şahyrlarymyz barada baý maglumatlary sanly ulgamyň üsti bilen hem, okuw kitaplary bilen hem öwretmek bolýar.

Gülşat KLIÇOWA,
Aşgabat şäherindäki 91-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar