«Açyk gapylar» güni geçirildi

6 Maý 2024
137

4-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary hem-de birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Olar okuw mekdebinde okadylýan derslerdir hünärler bilen ýakyndan tanyşdylar. Sapaklara gatnaşyp, her bir hünär barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem bu ýere gelen myhmanlar mekdebiň girelge zalynda guralan ýörite sergä aýlanyp gördüler. Sergi diwarlyklarynda filmlerde, gepleşiklerde ulanylýan döwrebap tehnologik enjamlar, bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň taýýarlamagynda hünärler bilen tanyşdyrýan ýörite wideorolikler görkezildi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebinde ussat mugallymlar telewideniýä, kino we mahabata degişli ugurlardan ýaşlara bilim berýärler. Talyplar nazaryýetde alan bilimlerini tejribe arkaly has-da berkidýärler.

Beýleki habarlar