''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

«Google» Afrikany Awstraliýa bilen birikdirjek täze aragatnaşyk ulgamyny gurar

Google» Afrika we Awstraliýa yklymlaryny gönüden-göni birleşdirjek «Umoja» süýümli optiki aragatnaşyk ulgamyny gurýar. «Bloomberg» munuň dünýäniň iň az çetki künjeklerinde hem aragatnaşygyň gowulaşmagyna ýardam etjekdigini habar berdi. «Umoja» «Google» kompaniýasynyň Afrikany Ýewropa bilen birleşdirýän «Equiano» sanly torlarynyň üstüni ýetirer. Täze aragatnaşyk ulgamy ummandan Awstraliýa geçmezden ozal, Uganda, Ruanda, Kongo, Zambiýa, Zimbabwe, Günorta Afrika hem-de Keniýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçer. Bu taslama beýleki ýurtlara täze aragatnaşyk infrastrukturasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän giriş nokatlaryny öz içine almak bilen Afrikanyň ähli ýerlerinde ulanyljak bitewi bir ulgamy emele getirer.

Ýaşlar hünärlere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara dürli ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi okuwa kabul edilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi hem hünär öwrenmäge isleg bildirýän ýaşlaryň höwes bilen okaýan bilim ojagydyr. Bu ýerde, esasan-da, dokma, himiýa, gurluşyk senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de maliýe-ykdysady ulgamlar üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdepde jemi on bir ugur boýunça hünär öwredilýär. Şu bilim ojagynda gerekli hünärleri öwrenen ýaşlar önümçilik kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýärler. Hususan-da, ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mekdebiň uçurymlary göreldeli işleýärler.

Ýaş alymyň üstünlikleri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynyň müdiri Emir Allanurow «Günbatar Türkmenistanyň känleriniň nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly ýazan ylmy dissertasiýa işini gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Bu dissertasiýa işine Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahmanguly Esedulaýew ylmy ýolbaşçylyk etdi. Nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, olaryň durnukly iş düzgünini saklamak hem-de özleşdirmegiň ahyrky döwründe ulanylýan känlerde guýularyň abatlaýyş işlerini geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige hödürlemek ylmy işiň esasy maksady bolup durýar.

Ylym­syz öý — ot­suz ojak

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň baştutanly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sa­dy hal­kyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­dyr. Bu asyl­ly mak­sa­da ýet­mek­de jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ma­gy­na, mu­nuň üçin bol­sa ylym-bi­lim ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­me­gi­ne uly orun de­giş­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ul­ga­my­nyň me­se­le­le­ri­ne döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li üns be­ril­mek bi­len, giň göz­ýe­tim­li, tä­ze­çe pi­kir­len­me­gi ba­şar­ýan döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na dü­şün­ýän, in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mä­ge go­şant go­şup bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Hut şol se­bäp­li hem, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ylym-bi­lim ul­ga­my­ny dur­muş yk­dy­sa­dy ösü­şe kuw­wat­ly iter­gi ber­ýän, jem­gy­ýe­ti ös­dür­ýän dö­re­di­ji güýç hök­mün­de uly ala­da bi­len gur­şap al­ýar.

Ruhy baýlygyň ojagy

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana işine uly üns berýär. Şeýle uly aladalaryň netijesinde kitaphana ulgamy has-da kämilleşdirildi. Welaýat merkezlerinde dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalar halkymyzyň hyzmatynda. Indi sekiz ýyl bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy ýola goýlan. Kitaphanalarymyza gelýän kitaplary okyjylaryň aýawly saklamagyny gazanmak, şonuň bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy baýlygyny, taryhyny, medeniýetini öwrenmek, olar baradaky anyk maglumatlary halka ýetirmek, aýratynam ýaş nesillere geçirmek biziň — kitaphanaçylaryň borjy bolup durýar. Kitaphana tekjelerimiziň bezegi bolan edebiýatlaryň, ylmy eserleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan döreýän ajaýyp kitaplaryny görkezmek ýakymlydyr. Şu günler hem hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri okyjylarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetiniň aýratynlyklary anyk maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetindäki ösüşi giňişleýin açylyp görkezilýär. Bu bolsa şöhratly taryhymyza

Miweli baglaryň ýazky idegi

Güneşe baý Diýarymyzda ezber bagbanlarymyz tarapyndan öndürilýän miweler tagamlylygy, süýjüligi we hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Miweli baglardan bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi zerur hasaplanylýar. Aýratyn hem baglarda agrotehniki çäreler, ideg işleri kadaly ýerine ýetirilende, olar gysga döwürde hasyla durýarlar we oňat hasyl berýärler. Munuň üçin oturdylýan nahallaryň gowy hilli bolmagy zerur.

Magtymgulynyň şygryýetinde ylmy garaýyşlar

Magtymguly Pyragynyň şygyr älemine aralaşsaň, onuň, hakykatdan-da, umman ýaly giňdigine, many-mazmun taýdan baýdygyna göz ýetirýärsiň. Bu ýagdaýy şahyryň şygyrlarynyň köp sanly ylmy maglumatlary özünde jemleýändigi bilen hem düşündirmek bolar. Magtymguly Pyragynyň asman jisimleri baradaky aýdanlarynyň hem häzirki zaman ylmy üçin uly gyzyklanma döredýändigini bellemelidiris. Mysal üçin, şahyryň:

Geologik maglumatlaryň gaýtadan barlanmagynyň wajyplygy

Geologiýa-barlag işleriniň gözleg we barlag tapgyrlarynda seýsmiki-barlag işleriň esasynda taýýarlanan meýdançalarda geçirilýän gözleg gazuwy netijesinde senagat taýdan ähmiýetli uglewodorod akymlary alnyp, nebitgazly känler ýüze çykarylýar, her bir ýatagyň beýikligi, ýaýraýyş meýdany, görnüşi, kollektor-gatlaklaryň sygym-syzdyryjylyk alamatlary we başga ölçegler kesgitlenilýär, ýataklaryň uglewodorod gorlaryna baha berilýär. Işläp geçmeklige taýýarlanylanda, kän boýunça bar bolan geologik maglumatlar, balansda duran gorlar barlagdan geçirilýär. Ýataklaryň ölçegleri hemmetaraplaýyn jikme-jik öwrenilip, gorlaryň hasaplanyşynda ulanylýan kollektor-gatlaklaryň fiziki alamatlary has çuňňur derňew edilýär. Zerurlyk çykan ýagdaýynda, baha beriş guýularyň gazylmagy arkaly kollektor-gatlaklaryň doýgunlylygy barlanylýar, ýataklaryň modelleri takyklanylýar. Bu derňew işleriniň ahyrynda käniň özleşdirilişe taýýarlanmagy bilen bilelikde goşmaça ähmiýetli netijeleri hem gazanyp bolýar. Mysal üçin, Merkezi Garagum gümmeziniň günortasynda ýerleşýän Gurruk, Günorta Gurruk, Tamdyrly, Atabaý, Çaşgyn, Sakarçäge känleri boýunça bar bolan geologik maglumatlary, hasaba alnan uglewodorod gorlary Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzu

Biotehnologiýa boýunça täze maksatnama

Türkmenistanda ösen biosenagaty döretmegi nazarlaýar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Şu mynasybetli 11-nji maýda geçirilen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda-da bellenilişi ýaly, bu resminamada biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Göwni garagumda, yşky ylymda

Ýer ýüzünde onuň aýak yzy galmadyk çöl ýok. Käbirlerine bolsa bir däl, birnäçe gezek hem baryp, olaryň tebigy aýratynlyklaryny ylmy esasda içgin öwrenipdi. Basaňda aýagyň çümüp gidýän gyzgyn çägeli depelerden aşyp öwrenen, özleşdiren maglumatlary asyrlar aşsa-da könelmejek, gymmatyny ýitirmejek kitaplara, ylmy makalalara öwrülip, gyzgyny bilen okyjylara gowşupdy. Şeýdip, kä howur-epgekli, käte bolsa sowuk-aýazly günlerde, dürli yklymlaryň goýnunda ýörelen ýollar, toplanylan tejribeler ony belli alym hökmünde bütin dünýä tanatdy. Türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan bu alymyň adyny eşitmedik ýok diýen ýaly. Ol — geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, halkara baýraklaryň eýesi, akademik Agajan Geldiýewiç Babaýew. Ykbalyny ylma baglan alym çölleri öwrenmek bilen baglylykda, dünýäniň ençeme ýurdunda iş saparlarynda bolýar. Owal-ahyr türkmeniň ýaşaýyş sallançagyna deňelýän Garagum bolsa onuň üçin has eziz, has mähriban! Çünki Garagum onuň üçin hazynaly huma barabar. Alymyň ylym ýolunyň ilkinji ädimleri-de hut şu ýerden başlanypdy. Garagumda ýadaman-ýaltanman ýörelen ýollar soňra dünýäniň dürli künjeklerindäki Gyzylgum, Tar, Sahara, Gobi, Atakama, Takla-Makan ýaly çöllere çenli uzapdy...

Ruhy baýlygyň çeşmesi

Alymyň halypalyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini gorap saklamak, ony geljekki nesillere tebigy durkunda we has baýlaşdyryp, miras goýmak barada uly tagallalar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Şol ugurda birnäçe işleri alyp baran kinologiýa ylmyndan hem uly işleri bitiren Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, belli alym, mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň hormatly halypasy, bütin manyly ömrüni mukaddes ata Watana, ylym-bilime bagyş eden zoolog-ornitolog, kinolog we ekolog, alym Öwez Sopyýewdir. Alym mugallym Öwez Sopyýewiň ylmy işleriniň netijeleri ýörite monografiýalarda, ylmy maglumatnamalarda, dissertasiýa işlerinde, ensiklopediýalarda, okuw kitaplarynda, şeýle hem tebigaty goramak boýunça başlangyçlary teleýaýlymlarda taýýarlanylýan gepleşiklerde, kitaplarda giňden ulanylýar. Alym mugallymyň maslahaty bilen Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän gysga söhbetli kinofilmler döredilendir. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda hünärmenleriň ençemesi kandidatlyk dissertasiýasyny goradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Milli kinologiýa

Innowasiýalar — ösüşiň kepili

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde innowasiýalardan peýdalanmak bilen, häzirki zaman ylmy usullary arkaly ýurdumyzda innowasion ösüşiň ilerledilmegine gönükdirilen täze tehnologiýalary işläp düzmek babatda ylmy-barlag, ylmy-tehnologik, taslama-konstruktorçylyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, ýerli çig mallar esasynda importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek babatda tejribe-barlag işleri geçirilýär. Geçen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Tehnologiýalar merkeziniň köpugurly, döwrebap barlaghanalarynda döwlet maksatnamalaryna laýyklykda giň gerimli işler alnyp baryldy. Aýratyn-da, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda magniý oksidinden ýokary temperatura durnukly magneziýa briketlerini almak, biotehnologiýanyň usullary arkaly nebitşlamly topraklary arassalamak, ýerli dermanlyk ösümliklerden biologik işjeň maddalary bölüp almak, alternatiw energiýa çeşmelerini utgaşdyryp, ikilenç serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek, topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek ýaly ylmy barlaglar ýerine ýetirildi.

III Açyk halkara internet olimpiadasy açyldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, talyp ýaşlaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Düýn 6-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden, daşary ýurtlaryň 15-inden ýokary okuw mekdepleriniň 66-yndan talyp ýaşlar gatnaşýar. Bu halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn görnüşinde geçirilip, şu ýylyň maý aýynyň 6 — 11-i aralygynda dowam eder.

Žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty

1 — 3-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň žurnalistika hünärinden bilimlerini artdyrmak bolup durýar. Şeýle-de häzirki zaman şertlerinde žurnalistika bilimine we žurnalistlere bildirilýän esasy talaplar boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Ylmy gözlegleri işjeňleşdirmek — döwrüň talaby

Häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleri hem bu ugurdaky tagallalara goşantdyr. Merkezde ygtyýarnamalar esasynda ýerine ýetirilýän iş görnüşlerinden daşgary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdeplerinde işlenip düzülen ylmy taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyny giňeltmek maksady bilen, onlarça ylmy-barlag, ylmy-gözleg, taslama işleri alnyp barylýar.

Bol hasyl almakda mineral dökünleriň ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzda däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, miweçilik, üzümçilik, bakjaçylyk we beýleki ugurlar işjeň ösdürilýär. Oba hojalyk pudagyny döwrebap talaplara görä netijeli ösdürmek, ekinlerden ýokary hilli hasyl almak boýunça uly işler dowam edýär. Şunda topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hataryndadyr. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Oba hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Toprakdan bol hasyl almakda mineral dökünleriň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle dökünler ösümlikleriň iýmitlenmegi, topragyň hasyl berijiliginiň gowulanmagy üçin zerur bolup durýar. Mineral dökünler ýokary we durnukly oba hojalyk hasylyny almak maksady bilen ulanylýar. Türkmenistanda mineral dökünleri öndürýän himiýa kärhanalarynyň birnäçesi bar. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy, azot dökünlerini öndürýän «Tejenkarbamid», «Maryazot», «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň, kaliý dökünler

Elýeterli ýyladyşhanalar: geljegi uly önümçilik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda işewürligiň yzygiderli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, türkmen hususyýetçileri tarapyndan önümçiligiň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ugurlaryň biri hem ýylsaýyn giň gerime eýe bolýan ýyladyşhana işewürligidir. Aslynda, ýyladyşhana näme üçin zerur? Munuň özi adamlaryň hemişe ter, täze iýmite bolan islegi, tebigy talaby bilen baglydyr. Ösen dünýäde adamlar tebigata bagly däl ýagdaýda, emeli şertlerde hem iýmit üpjünçiligini amal etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şunda ýyladyşhanalara uly ornuň degişlidigini wagt hem-de tejribe eýýäm görkezdi. Mundan ötri ýurduň azyk garaşsyzlygynda hem-de eksport meselesinde ýyladyşhanalaryň biçak uly mümkinçilikleri barha giňemek bilen. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanda ýyladyşhana işewürligini ösdürmäge, bu ugurda dünýäde iň öňdebaryjylaryň birine öwrülmäge diýseň uly şertler bar. Muny ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň salgytlardan doly boşadylandygy, ekin meýdanlarynyň giňdigi, energiýa serişdeleriniň bahasynyň arzandygy, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümleri eksport etmek üç

Ideg işleri utgaşdyrylyp geçirilende...

Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Ösüş suwunyň tutulyp başlanmagy bilen, her gezek suw tutulandan soň, ýerleriň taba gelşine görä, hatararalarynyň bejergisi geçirilýär. Hatarara bejergisiniň esasy maksady toprakdaky yzgaryň ýitgisiniň we duzlaryň ýokary galmagynyň öňüni almakdan, şeýle hem gowaçanyň kök ulgamynyň kadaly howa çalşygyny üpjün etmekden, topragyň üstki gatlagyny gowy bejerilen ýagdaýda saklap, hatararalaryny haşal otlardan arassalamakdan ybaratdyr. Ilkinji bejerginiň ýokary netijeli bolmagy üçin hatararalary 90 santimetr bolan 7 sany işçi guralynyň gatnaşmagynda toplum bilen ýumşatmaly. Gorag zolagynyň giňligi gowaçanyň hatarynyň her gapdalyndan 8 – 10 santimetr bolmaly. Şeýlelikde, işlenip bejerilýän zolagyň ini 90 santimetr hatararada 70 – 74 santimetr bolýar. Gowaçalar ýekelenip, otag işleri tamamlanandan soň, ikinji hatarara bejergi işleri geçirilýär. Bu bejergi 90 santimetr hatararasynda 14 – 16 santimetr çuňlukda geçirilýär. Gorag zolagynyň giňligi bolsa 10 – 12 santimetr bolmalydyr. Her ösüş suwundan soň, hatarara bejergileri geçirilýär. Bejerginiň çuňlugy 90 santimetr hatararasynda 18 – 20 santimetr bolmaly. Hatarara bejergileri işçi abzallarynyň doly toplumy bilen üpjün edilen kultiwatorlar bilen geçir

“Ylym bir daragtdyr”

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Täze taryhy eýýamda ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyz