Geologik maglumatlaryň gaýtadan barlanmagynyň wajyplygy

13 Maý 2024
549

Geologiýa-barlag işleriniň gözleg we barlag tapgyrlarynda seýsmiki-barlag işleriň esasynda taýýarlanan meýdançalarda geçirilýän gözleg gazuwy netijesinde senagat taýdan ähmiýetli uglewodorod akymlary alnyp, nebitgazly känler ýüze çykarylýar, her bir ýatagyň beýikligi, ýaýraýyş meýdany, görnüşi, kollektor-gatlaklaryň sygym-syzdyryjylyk alamatlary we başga ölçegler kesgitlenilýär, ýataklaryň uglewodorod gorlaryna baha berilýär. Işläp geçmeklige taýýarlanylanda, kän boýunça bar bolan geologik maglumatlar, balansda duran gorlar barlagdan geçirilýär. Ýataklaryň ölçegleri hemmetaraplaýyn jikme-jik öwrenilip, gorlaryň hasaplanyşynda ulanylýan kollektor-gatlaklaryň fiziki alamatlary has çuňňur derňew edilýär. Zerurlyk çykan ýagdaýynda, baha beriş guýularyň gazylmagy arkaly kollektor-gatlaklaryň doýgunlylygy barlanylýar, ýataklaryň modelleri takyklanylýar. Bu derňew işleriniň ahyrynda käniň özleşdirilişe taýýarlanmagy bilen bilelikde goşmaça ähmiýetli netijeleri hem gazanyp bolýar.

Mysal üçin, Merkezi Garagum gümmeziniň günortasynda ýerleşýän Gurruk, Günorta Gurruk, Tamdyrly, Atabaý, Çaşgyn, Sakarçäge känleri boýunça bar bolan geologik maglumatlary, hasaba alnan uglewodorod gorlary Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan jikme-jik öwrenilip, känleriň gorlaryny hasaplamakda ýetmeýän parametrleri kesgitlemek üçin olaryň her birinde baha beriş guýusyny oturtmak teklip edildi.

Aýjemal EZIZOWA,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň gaz känleriniň geologik-mowzuk barlag we taslamalaşdyryş laboratoriýasynyň müdiri.
Beýleki habarlar