Ýaşlar hünärlere ugrukdyrylýar

24 Maý 2024
260

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara dürli ugurlar boýunça hünärler öwredilýär. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine her ýyl ýaşlaryň müňlerçesi okuwa kabul edilýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi hem hünär öwrenmäge isleg bildirýän ýaşlaryň höwes bilen okaýan bilim ojagydyr. Bu ýerde, esasan-da, dokma, himiýa, gurluşyk senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän kärhanalar hem-de maliýe-ykdysady ulgamlar üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Mekdepde jemi on bir ugur boýunça hünär öwredilýär. Şu bilim ojagynda gerekli hünärleri öwrenen ýaşlar önümçilik kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýärler. Hususan-da, ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mekdebiň uçurymlary göreldeli işleýärler.

Myrat BAGŞYÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar