Biotehnologiýa boýunça täze maksatnama

13 Maý 2024
339

Türkmenistanda ösen biosenagaty döretmegi nazarlaýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekde möhüm ädime öwrüldi. Täze Maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Şu mynasybetli 11-nji maýda geçirilen hoşallyk maslahatynda edilen çykyşlarda-da bellenilişi ýaly, bu resminamada biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Durdymyrat GADAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar