Elýeterli ýyladyşhanalar: geljegi uly önümçilik

1 Maý 2024
374

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda işewürligiň yzygiderli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, türkmen hususyýetçileri tarapyndan önümçiligiň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şeýle ugurlaryň biri hem ýylsaýyn giň gerime eýe bolýan ýyladyşhana işewürligidir.

Aslynda, ýyladyşhana näme üçin zerur? Munuň özi adamlaryň hemişe ter, täze iýmite bolan islegi, tebigy talaby bilen baglydyr. Ösen dünýäde adamlar tebigata bagly däl ýagdaýda, emeli şertlerde hem iýmit üpjünçiligini amal etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şunda ýyladyşhanalara uly ornuň degişlidigini wagt hem-de tejribe eýýäm görkezdi. Mundan ötri ýurduň azyk garaşsyzlygynda hem-de eksport meselesinde ýyladyşhanalaryň biçak uly mümkinçilikleri barha giňemek bilen. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanda ýyladyşhana işewürligini ösdürmäge, bu ugurda dünýäde iň öňdebaryjylaryň birine öwrülmäge diýseň uly şertler bar. Muny ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň salgytlardan doly boşadylandygy, ekin meýdanlarynyň giňdigi, energiýa serişdeleriniň bahasynyň arzandygy, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümleri eksport etmek üçin amatly geografik ýerleşiş mümkinçilikleri bilen delillendirip bolar. Şeýle-de türkmen topragynda ýylyň dowamynda 270 — 300 günläp güneşli howanyň bolmagy Diýarymyzyň ýyladyşhanalary ösdürmek üçin tüýs diýilýän mesgendigine güwä geçýär.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
telekeçi.
Beýleki habarlar