Žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty

6 Maý 2024
322

1 — 3-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda žurnalistikanyň we kommunikasiýanyň häzirki zaman gurallary boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary hem-de žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň esasy maksady degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň žurnalistika hünärinden bilimlerini artdyrmak bolup durýar. Şeýle-de häzirki zaman şertlerinde žurnalistika bilimine we žurnalistlere bildirilýän esasy talaplar boýunça pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar