«Google» Afrikany Awstraliýa bilen birikdirjek täze aragatnaşyk ulgamyny gurar

27 Maý 2024
209

Google» Afrika we Awstraliýa yklymlaryny gönüden-göni birleşdirjek «Umoja» süýümli optiki aragatnaşyk ulgamyny gurýar. «Bloomberg» munuň dünýäniň iň az çetki künjeklerinde hem aragatnaşygyň gowulaşmagyna ýardam etjekdigini habar berdi.

«Umoja» «Google» kompaniýasynyň Afrikany Ýewropa bilen birleşdirýän «Equiano» sanly torlarynyň üstüni ýetirer. Täze aragatnaşyk ulgamy ummandan Awstraliýa geçmezden ozal, Uganda, Ruanda, Kongo, Zambiýa, Zimbabwe, Günorta Afrika hem-de Keniýa ýaly ýurtlaryň çäginden geçer. Bu taslama beýleki ýurtlara täze aragatnaşyk infrastrukturasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän giriş nokatlaryny öz içine almak bilen Afrikanyň ähli ýerlerinde ulanyljak bitewi bir ulgamy emele getirer.

Taýýarlan: Döwran GELDIHANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar