III Açyk halkara internet olimpiadasy açyldy

6 Maý 2024
406

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, talyp ýaşlaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär.

Düýn 6-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden, daşary ýurtlaryň 15-inden ýokary okuw mekdepleriniň 66-yndan talyp ýaşlar gatnaşýar. Bu halkara internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn görnüşinde geçirilip, şu ýylyň maý aýynyň 6 — 11-i aralygynda dowam eder.

Hekimberdi ORAZBERDIÝEW,
TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar