Ýaş alymyň üstünlikleri

20 Maý 2024
314

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynyň müdiri Emir Allanurow «Günbatar Türkmenistanyň känleriniň nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek» atly ýazan ylmy dissertasiýa işini gorap, tehniki ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. Bu dissertasiýa işine Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahmanguly Esedulaýew ylmy ýolbaşçylyk etdi.

Nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmak, olaryň durnukly iş düzgünini saklamak hem-de özleşdirmegiň ahyrky döwründe ulanylýan känlerde guýularyň abatlaýyş işlerini geçirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary önümçilige hödürlemek ylmy işiň esasy maksady bolup durýar.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar