Ruhy baýlygyň ojagy

15 Maý 2024
294

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolan kitaphana işine uly üns berýär. Şeýle uly aladalaryň netijesinde kitaphana ulgamy has-da kämilleşdirildi. Welaýat merkezlerinde dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen kitaphanalar halkymyzyň hyzmatynda. Indi sekiz ýyl bäri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy ýola goýlan. Kitaphanalarymyza gelýän kitaplary okyjylaryň aýawly saklamagyny gazanmak, şonuň bilen bir hatarda, halkymyzyň ruhy baýlygyny, taryhyny, medeniýetini öwrenmek, olar baradaky anyk maglumatlary halka ýetirmek, aýratynam ýaş nesillere geçirmek biziň — kitaphanaçylaryň borjy bolup durýar.

Kitaphana tekjelerimiziň bezegi bolan edebiýatlaryň, ylmy eserleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan döreýän ajaýyp kitaplaryny görkezmek ýakymlydyr. Şu günler hem hormatly Prezidentimiziň döwet-galamyndan çykan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eseri okyjylarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Kitapda Änew medeniýetiniň aýratynlyklary anyk maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetindäki ösüşi giňişleýin açylyp görkezilýär. Bu bolsa şöhratly taryhymyza, medeni gymmatlyklarymyza, ruhy-ahlak ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Biz bu ajaýyp eser esasynda maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris.

Güljemal Şiriýewa,
Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar