''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Akyldar şahyryň pelsepe ummany – Berkarar eýýama saçýar çuň many

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Çünki, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram ediljekdigi il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Türkmen seýisçilik sungaty

Ata-babalarymyz özleriniň birnäçe müňýyllyklaryň dowamyndaky gündelik iş tejribelerinde türkmen seýisçiliginiň örän inçe syrlaryny ele alypdyrlar. Şol syrly iş usullarynyň her birini okanyňda ýa-da eşideniňde türkmen seýisçiliginiň juda inçe tilsimler arkaly alnyp barlandygyna göz ýetirýärsiň. Milli seýisçilik sungatynyň inçe syrlarynyň nesilden-nesle geçirilmegini durmuş talap edipdir. Şu ýerde dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelen türkmen seýisçiliginiň käbir syrlary hakynda gürrüň etmekçi: — at çapuwa çykanda, bedenindäki oty-suwy deň bolmaly. Bedew atyň bedenine şapbat çalnanda, iki tarapy deň titrese janawaryň ot-suwunyň deň boldugy, eger suw köp bolan ýagdaýynda onuň sag tarapynyň titremegi bilen aňlapdyrlar;

Kalbymyzyň egsilmejek hazynasy

Zergärçilik sungaty — milli gymmatlyk

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda milli ýörelge, nusgalyk ýol kemala gelipdir. Şeýle nusgalyk ýol ussatlaryň zehininden, paýhasyndan ýola goýlandyr. Bu babatda sungat eserleri, has takygy, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle ajaýyp sungatyň biri hem zergärçilik sungatydyr, çünki zergärçilik sungatynyň netijesinde gözelligiň nusgasy şaý-sepler, bezegler döreýär. Bu sungat örän ünslüligi, paýhaslylygy we ussaçylygy talap edýär. Munuň özi bu sungaty ýöredýänleriň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny aňladýar. Bimöçber zähmeti talap edýän zergärçilik sungatynda ata-babalarymyz asylly ýol goýmagy başarypdyrlar. Şonuň netijesinde hem milli şaý-seplerimiziň aýratynlyklary, gözelligi dünýäni haýrana goýýar. Şeýle bolansoň zergärçilik hakynda nusgawy edebiýatymyzda hem yzygider duş gelmek bolýar. Nusgawy edebiýatda gelin-gyzlaryň şaý-seplerini, bezeglerini wasp edýän goşgulara, gazallara duş gelmek bolýar. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyzda beýan edilýän şeýle goşgular hem, aslynda zergärçilik sungaty hem ylmy esasda öwrenilýär. Munuň özi milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän ýörelgelerimize belent sarpany aýdyň beýan edýär.

Sardoba – şöhratly taryhyň kämil çöl desgasy

Kim ýagyş ýagan döwri çölde bolan bolsa, güýçli ýagan ýagyşdan soň gumuň tebigy oý ýerlerinde suwuň ýygnanýandygyny bilýän bolsa gerek. Bu suwlar ol ýerde az wagtlyk saklanyp galýar. Şeýle suwlary uzak wagtlaýyn saklanyp galmagyna hem-de netijeli peýdalanmagyna şertleri döredýän tehnologiýalar asyrlar boýy döredilipdir. Bu tehnologiýalardan iň ygtybarlysy hem-de ähmiýetlisi kaklar hem-de sardobalar hasaplanylýar. Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň sähraýy ýaýlalarynda, öri meýdanlarynda ine-gana ýaýnap ýören goýundyr geçilerini, düýelerini suwa ýakmak üçin guýulardyr kaklar bilen birlikde, sardobalaryň hyzmatyndan hem peýdalanypdyrlar. Çarwa ilatynyň, adamlarynyň “çöl howuzy” diýip atlandyran sardobalary barada gürrüňe başlamazdan öňürti kak suwy, kaklar barada aýtsak has ýerlikli bolsa gerek. Kak suwunyň üstüniň açyk bolmagy yssy howada çalt bugaryp gutarmagyna getiripdir. Daş-töwereginiň goragsyzlygy bolsa, ondaky suwuň hapalanmagyna sebäp bolupdyr. Suwuň her damjasyny altyna deňän pederlerimiz ony isrip etmezlige çalşyp, kak suwuny saklamagyň rejeli we kämil usulyny döretmegi başarypdyrlar. Öňi bilen kak suwunyň daşyna gorag diwarlaryny aýlapdyrlar. Gorag diwary çöl ösümliklerinden, berdaşly çöl daragtlaryndan, palçykdan gurlupd

Saglyk — ömrüň bezegi

Gahryman Arkadagymyz: «Lukmançylyk ylmyny düýpli özgerden, dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi alym, tanymal lukman Ibn Sina, döwrüniň «Ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly görnükli ýüzlerçe türkmen alymlary dünýä ylmynyň ýiti şuglaly ýyldyzlarydyr» diýip belleýär. Şol alymlaryň arasynda Abu Aly Ibn Sinanyň ady häzirki günlerimizde-de giňden meşhurdyr. Onuň miras galdyran işleriniň sany 450-den gowrak hasaplanýan hem bolsa, diňe 250-ä golaýy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Onuň iň görnükli eserlerine «Jan hakynda», «Sagalma» degişlidir. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Halas bolma», «Ynsaplylygyň kitaby», «Bilimler kitaby», «Görkezmeler we maslahatlar» hem-de beýleki ylmy işleri ensiklopedik ähmiýete eýedir. Alym Buharanyň emiri Nuh Ibn Mansury agyr keselden halas edende, bary-ýogy on alty ýaşynda eken. Bu barada ol özüniň «Ömür ýazgylary» atly kitabynda belläp geçýär. Lukman Hekim IX asyryň ahyrynda X asyryň başlarynda ýurtda syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň gowşamagy sebäpli, Horezme, Ürgenje göçýär. Şol döwürde bu ýerde arap halyflygynyň başda durmagynda döredilen, «Paýhas öýi» ady bilen hereket eden döredijilik adamlarynyň birleşmesine — Mamunyň akademiýasyna Abu Reýhan

Asyrlaryň ýaňy

Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda  ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda,  milli medeniýetimizi, taryhymyzy öwrenmekde netijeli işler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde   Diýarymyzyň beýleki künjekleri ýaly Änew şäheri hem ajaýyp özgertmelere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, gysga taryhy döwrüň içinde gürrüňi edilýän şäherde köp sanly döwrebap binalar, şol sanda ýaşaýyş jaýlar, mekdepler, durmuş-medeni we sport maksatly kaşaň desgalar, önümçilik kärhanalary guruldy.

Söz manysyn aňar bolsaň...

«Baş bolmasa, göwre läş» manyly nakyly adamlar, köplenç, gowy ýolbaşçy bolmasa, iş ýöremeýär diýen manyda ulanýarlar. Ol barada halk arasynda şeýle rowaýat bar. Adam bedeniniň agzalary öz aralarynda dawa edipdirler. Süňk: «Eger men bolmasam, adam ýerindenem turup bilmez, hamyr ýaly bulaşyp ýatar» diýipdir. Gan aýdypdyr: «Eger men adam bedeninde ýap ýaly akyp durmasam, ol ösüp, ulalyp bilmez». Onsoň ham: «Adamyň tenini ýylmanak, owadan edip görkezýänem, goraýanam, endamy ýakymly edýänem men» diýipdir. Soňra ruh: «Eger men bolmasam, adamyň hiç zada höwesi bolmaz, ony hemme zada ruhlandyrýan men» diýipdir. Kellä gezek ýetende, ol: «Adamlar «Baş bolmasa, göwre läş» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Siziň hemmäňiz maňa bagly» diýipdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - türkmeniň egsilmez ruhy hazynasy

Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda gymmatly edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle edebi mirasyň içinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi, onda beýan edilýän öwüt-nesihatlar bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu edebi miras üç asyra golaý türkmen halkynyň durmuşynda uly orny eýeledi. Ata-babalarymyz akyldar şahyryň goşgularynyň üsti bilen nesilleri terbiýeläpdirler, olara wagyz-nesihat edipdirler. Şonuň üçin şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda alymlar tarapyndan öwrenilýär, bu hakynda ylmy pikirler beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Akyldar şahyryň döredijiligi akyl-paýhasa, öwüt-nesihata ýugrulandyr. Şonuň üçin onuň goşgularynda düýpli pikirler, pelsepewi garaýyşlar edebi ýörelgeler esasynda beýan edilýär. Bu görnüşli pikirleriň ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny hem bellemek gerek. Şeýle pelsepewi garaýyşlar Watan, watansöýüjilik, ynsanperwerlik we parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahl

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Girman bagşyly söhbet Aýagy ýalpyldap duran ädikli, gara penjek-jalbarly, silkme telpekli pyýada märekäniň ortarasyndaky ýörite goýlan boş ýerde hem tans edýärdi, hem saz çalyp, aýdym aýdýardy. Hatda dutaryny ýeňsesinde goýubam çalýardy. Aýdymyň arasynda-da märekäni gyzyl-gyran gülüşdirýärdi.

Ýelden ýüwrük bedewler

«Aty baryň — ganaty bar». Bu jümle halkymyzyň bedew ata berýän mynasyp  bahasy. Hyýalynda uçýan halylar bilen menzil aşmagy halaýan halk «Göwün guşum» diýip, göwnüni guşa deňeýär. Aty bolsa ganata deňeýär. Ony wepaly dosty, gardaşy, iň ýakyn hemrasy hasaplapdyr. Merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri, hakykatdan hem, ýigidiň maksatlaryna barýan ýolundaky uçar ganaty bolupdyr. Türkmen bedewleriniň aladasyny öz aladasy bilen deň görüpdir. Gerek bolsa gije ýatmandyr, gündiz rahat oturmandyr. Irginsiz zähmeti talap edýän seýisçiligiň inçe syrlaryny arkama-arka öz nesillerine geçiripdir. Gelin-gyzlarymyz halydan «arkalyk» dokap, at arkasyny edil öz öýlerini, çagalaryny bezän dek bezän bolsalar, zergär ata-babalarymyz atyň göwüsbendini, uly hem kiçi boýuntyryklaryny sap kümüşden ýasap, halallygyň teswiri hasaplanan hakyk gaşlary bilen bezäpdirler. At üstüniň eýeriniň-de rahatdan, gelşikli, nepis bolmagy üçin aladalanypdyrlar. Atyň kellekisiniň, uýandyr jylawynyň käbir ýerleriniň hakyk gaşyndan kümüş çarçuwaly edilip ýasalmagy-da halk arasynda bedew hormatynyň ýokary derejä göterilendigini subut edýär. Paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky açylyp ulanylmaga berlen atçylyk sport toplumlarydyr aýlawlar bedewlere berilýän ähmiýetiň subutnamasyd

Halkyň kalbyna siňen şahyr

Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzünde äşgär eden beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň uly söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde tutýan orny uludyr. Magtymgulynyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär. 2024-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkymyz agzybirlikde  belläp geçer. Munuň şeýledigine häzirki döwürde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, okuw jaýlarynda giň gerimli çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy hem akyldara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

«Alajam - ak bagta ynamym meniň» atly bäsleşige

Ene-mamalardan galan mirasym,Yhlas bilen ördügimiz alaja.El işlerne ganat beren telwasym,Milliligi söýdügimiz alaja.

Babadaýhan däpleri

Daýhanlarymyz togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak aladasy bilen gümra bolýarlar. Bu döwürde azaphon halkymyz ekerançylyk, daýhançylyk işlerine girişip, ýere tohum sepýär. «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip, sepilýän tohumyň bitginli bolmagy dileg edilip, sadaka aýdylmagy halkymyzyň bu işlere bolan ynamyny beýan edýär. Halkymyz ekin işlerinde her bir pursady ýagşylyga ýorupdyr. Mysal üçin, olar ekin ekiljek ýer taba gelende, syňrykdan gaçan ýa-da öküziň şahyna degip, öňürti ýere düşen tohumyň sepilen tohumdan öňürti gögerýändigine ynam edipdirler. Ekiş güni söwüş edip, mal soýmak, ussat, tejribeli daýhanlardan: «Ekiniňiz bitgir, guralyňyz ötgür bolsun!» diýip ak pata almak, birek-birege tohumyň müňlemegini arzuw etmek ýaly dessurlar daýhanlaryň durmuşynda çuň mana eýe bolupdyr.

Ta­ryh mu­zeý­ler­de ýa­şa­ýar

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Türk­men hal­kyn­da «Geç­mi­şi bol­ma­dy­gyň gel­je­gi bol­maz» di­ýen bir aýt­gy bar. Kö­ne­si­ni aýap, tä­zä ýet­me­giň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni mi­ras go­ýan ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ýa­dy­gär ga­lan gym­mat­lyk­la­ryň öýi bo­lan mu­zeý­le­ri­miz her bi­ri­miz üçin wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň mi­ze­mez mek­de­bi­dir.

Gadymy miras milli buýsanja badalga

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda: “...biziň milli mukaddesliklerimiz we gymmatlyklarymyz, balykgulakda ýer edinen göwher mysaly, halk hakydasynyň gatlaklarynda saklanyp galypdyr” diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nygtaýşy ýaly, olar halk hakydasynyň gatlaklaryndan durmuşymyza nur çaýyp, millet hökmündäki özboluşly aýratynlygymyzy äleme äşgär edýärler. Şolar bilen dünýäde millet hökmünde ykrar edilendigimiz kanunalaýyklykdyr. Olaryň näderejede kämildigini, nepisdigini, sowatlylygyň, ylymlylygyň, ussatlygyň miwesidigini, gözelligiň belent derejesiniň alamatlarydygyny dünýä ykrar edýär.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy mirasymyzy we medeniýetimizi öwrenmek, dikeltmek, baýlaşdyrmak hem-de ýaş nesliň aňyna we terbiýesine ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Edebi mirasymyzy öwrenmek babatda aýdylanda, gazanylan üstünlikleriň hem az däldigini bellemelidiris. Mundan birnäçe asyr öň ýaşan türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň döreden dürli mowzukdaky çeper-edebi we ylmy-taryhy eserlerini çap edip ýaýratmak işleri şu bagtyýar günlerimizde ymykly ýola goýuldy. Edebi mirasymyzyň köpsanly görnüşleri we halk döredijiliginiň nusgal

Türkmenleriň taryhy hytaý edebiýatynda

Gadymy Parfiýa döwletiniň taryhy miladydan öňki 247-nji we miladynyň 224-nji ýyllaryny öz içine almak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň 1-nji jildinde gadymy Parfiýa türkmen nesilşalygynyň günbatarda uly imperiýa döreden Rim bilen bäsleşendigini nygtaýar. Parfiýanyň nesilşalyk döwri Gündogaryň buýsançly taryhyna öwrülmek bilen, bu barada gadymy Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han şu» eserinde aýratyn durlup geçilýär. Parfiýanyň we Rimiň bäsdeşi bolan Hytaýyň gadymy Han nesilşalygynyň üç patyşalyk döwründe hem Parfiýa barada ýatlanýar (miladydan öňki 206-njy we miladynyň 265-nji ýyllary. Şu, Wei, U patyşalarynyň döwri). Bu bolsa gadymy Parfiýanyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Parfiýa Ärsak tarapyndan esaslandyrylandan soňra, döwletiň ady Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han şu» eserlerinde «An Xi» diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa «Ärsagyň (Parfiýa) döwleti» diýen düşünjäni beripdir. Aslynda, hytaýlylaryň «An» ieroglifiniň «howpsuz», «Xi» ieroglifiniň bolsa «dynç» manysyny aňladýandygy Parfiýanyň şol döwürde parahat we howpsuz döwlet hökmünde häsiýetlendirilendigini aýtmaga mümkinçilik berýä

Ýagşy-ýamanyň serhedi

Degerli zat ýatdan çykanok. Täsirli waka-da, sözem hakydadan orun alýar. Olary gaýta-gaýta ýatlamaga sebäbem tapdyryp dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz gaýynenesi, milletiň käbesi saýylýan Ogulabat ejäniň taýýarlan alajalaryny we bu işde ulanan guralyny Döwlet muzeýine tabşyrmagy waka hökmünde-de, pursat hökmünde-de ýatda galyjy boldy. Milli gymmatlyklar beýik şahsyýetleriň ady bilen baglaşanda, olaryň gadyry artyp, göz öňüňde, aňyňda mukaddesliklere öwrülip başlaýar. Alajany türkmen şu gün görenok. Köpdürlüligi bilen ol kän asyrlardan bäri türkmeniň medeniýetinde mynasyp orun eýeläp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimiziň süňňüne we aňyna yzygiderli ornaşdyrýan asyllylyk taglymatynyň esasynda görnükli, uly iliň gümansyz uýýan şahsyýetlerine, her bir senediň we sungatyň hak eýeleriniň — läheňleriniň keşbine daýanmak bar. Bu babatda iň äşgär we uly mysal hökmünde pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyraga, onuň jemgyýetimizdäki ornuna, dünýä giňişligine ýaýrap barýan täsirine ýüzlenip bileris. Alaja — paýhasyň salgysy. Türkmen alajasynyň täsiri, manysy barada sansyz kän pikirleriň, bahalaryň, tassyklamalaryň içinden şu kesgi

Änew şäheri: geçmişiň buýsançly sahypalary

Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheriniň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklara uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki neslimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär.

Ynamyň we ýeňşiň hekaýaty (Biziň aslymyz)

«Oguz han, Duman Beýgi, Mete han, Mahmyt Gaznaly, Seljuk beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik Şa, Soltan Sanjar, Muhammet Şa, Jelaletdin Menguberdi, Ärtogrul gazy, Osman gazy... Bu beýik ärleriň ady müňýyllyklaryň jümmüşlerinden bäri, asyrlarboýy dünýä ýaň salyp gelendir. Olar döwlet gurmakdaky we halkyň agzybirligini gazanmakdaky, millete şan hem mertebe, ýol-ýörelge bermekdäki beýik işleri bilen, güýç-gaýratlylygy hem parasatlylygy bilen, ugurtapyjylygy hem adalatlylygy bilen adamzat taryhynda öçmez yz goýupdyrlar». Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan.