Ýelden ýüwrük bedewler

14 Fewral 2024
393

«Aty baryň — ganaty bar». Bu jümle halkymyzyň bedew ata berýän mynasyp  bahasy. Hyýalynda uçýan halylar bilen menzil aşmagy halaýan halk «Göwün guşum» diýip, göwnüni guşa deňeýär. Aty bolsa ganata deňeýär. Ony wepaly dosty, gardaşy, iň ýakyn hemrasy hasaplapdyr. Merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri, hakykatdan hem, ýigidiň maksatlaryna barýan ýolundaky uçar ganaty bolupdyr. Türkmen bedewleriniň aladasyny öz aladasy bilen deň görüpdir. Gerek bolsa gije ýatmandyr, gündiz rahat oturmandyr. Irginsiz zähmeti talap edýän seýisçiligiň inçe syrlaryny arkama-arka öz nesillerine geçiripdir. Gelin-gyzlarymyz halydan «arkalyk» dokap, at arkasyny edil öz öýlerini, çagalaryny bezän dek bezän bolsalar, zergär ata-babalarymyz atyň göwüsbendini, uly hem kiçi boýuntyryklaryny sap kümüşden ýasap, halallygyň teswiri hasaplanan hakyk gaşlary bilen bezäpdirler. At üstüniň eýeriniň-de rahatdan, gelşikli, nepis bolmagy üçin aladalanypdyrlar.

Atyň kellekisiniň, uýandyr jylawynyň käbir ýerleriniň hakyk gaşyndan kümüş çarçuwaly edilip ýasalmagy-da halk arasynda bedew hormatynyň ýokary derejä göterilendigini subut edýär. Paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky açylyp ulanylmaga berlen atçylyk sport toplumlarydyr aýlawlar bedewlere berilýän ähmiýetiň subutnamasydyr. Her ýylda behişdi bedewlerimiziň şanyna dabaraly baýramçylygyň bellenilip geçilmegi halkymyzyň hormatynyň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurduň döwlet nyşany bolan Türkmenistanyň Tugrasynda orun almagy ahalteke atlaryna bolan belent sarpanyň nyşanydyr.

Şöhrat TUWAKOW,
Bäherden etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar