Saglyk — ömrüň bezegi

19 Fewral 2024
298

Gahryman Arkadagymyz: «Lukmançylyk ylmyny düýpli özgerden, dünýä ylmynda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi alym, tanymal lukman Ibn Sina, döwrüniň «Ilkinji Gippokraty» hasaplanan Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen ýaly görnükli ýüzlerçe türkmen alymlary dünýä ylmynyň ýiti şuglaly ýyldyzlarydyr» diýip belleýär. Şol alymlaryň arasynda Abu Aly Ibn Sinanyň ady häzirki günlerimizde-de giňden meşhurdyr. Onuň miras galdyran işleriniň sany 450-den gowrak hasaplanýan hem bolsa, diňe 250-ä golaýy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Onuň iň görnükli eserlerine «Jan hakynda», «Sagalma» degişlidir. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Halas bolma», «Ynsaplylygyň kitaby», «Bilimler kitaby», «Görkezmeler we maslahatlar» hem-de beýleki ylmy işleri ensiklopedik ähmiýete eýedir. Alym Buharanyň emiri Nuh Ibn Mansury agyr keselden halas edende, bary-ýogy on alty ýaşynda eken. Bu barada ol özüniň «Ömür ýazgylary» atly kitabynda belläp geçýär.

Lukman Hekim IX asyryň ahyrynda X asyryň başlarynda ýurtda syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň gowşamagy sebäpli, Horezme, Ürgenje göçýär. Şol döwürde bu ýerde arap halyflygynyň başda durmagynda döredilen, «Paýhas öýi» ady bilen hereket eden döredijilik adamlarynyň birleşmesine — Mamunyň akademiýasyna Abu Reýhan Biruny ýolbaşçylyk edipdir. Mamunyň akademiýasynda baý kitaphanadyr obserwatoriýa bolup, onda alymlar ylmy işler bilen meşgullanypdyrlar, özara pikir alşypdyrlar. Lukman Hekim bu döwürde «Kanunlar», «Sagalma» kitaplaryny ýazypdyr. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly kitabynda aýratyn hem psihiki we nerw kesellerini bejermekde sözüň, sazyň, bedenterbiýäniň ähmiýetine ýüzlenipdir. Ol ynsan saglygy bilen iş salyşmak üçin hoş sözli, suhangöý bolmagyň, şirin sözüň gudratyna sarpa goýmagyň wajypdygyny nygtapdyr. Adamlary ýaşaýşa höweslendirmek, dogry ýola gönükdirmek meselesine üns bermegiň möhümdigini ündäpdir.

Oguljennet JUMALYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar