Türkmenleriň taryhy hytaý edebiýatynda

12 Fewral 2024
526

Gadymy Parfiýa döwletiniň taryhy miladydan öňki 247-nji we miladynyň 224-nji ýyllaryny öz içine almak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň 1-nji jildinde gadymy Parfiýa türkmen nesilşalygynyň günbatarda uly imperiýa döreden Rim bilen bäsleşendigini nygtaýar.

Parfiýanyň nesilşalyk döwri Gündogaryň buýsançly taryhyna öwrülmek bilen, bu barada gadymy Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han şu» eserinde aýratyn durlup geçilýär. Parfiýanyň we Rimiň bäsdeşi bolan Hytaýyň gadymy Han nesilşalygynyň üç patyşalyk döwründe hem Parfiýa barada ýatlanýar (miladydan öňki 206-njy we miladynyň 265-nji ýyllary. Şu, Wei, U patyşalarynyň döwri). Bu bolsa gadymy Parfiýanyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Parfiýa Ärsak tarapyndan esaslandyrylandan soňra, döwletiň ady Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han şu» eserlerinde «An Xi» diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa «Ärsagyň (Parfiýa) döwleti» diýen düşünjäni beripdir. Aslynda, hytaýlylaryň «An» ieroglifiniň «howpsuz», «Xi» ieroglifiniň bolsa «dynç» manysyny aňladýandygy Parfiýanyň şol döwürde parahat we howpsuz döwlet hökmünde häsiýetlendirilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär. Parfiýa döwründe söwda kerwenleriniň gatnaw ýoly bolan Amyderýanyň ady hytaý taryhy ýyl ýazgylarynda we «Han şu» eserinde «Gui shui», Tan nesilşalygy döwründe «Tan şu» eserinde «Wu hu», Hytaýyň «Demirgazyk taryhy» atly köp jiltli eserde bolsa «Wu Şu» ieroglifler bilen atlandyrylypdyr. Hytaý çeşmelerinde berlişine görä, bu sözler gadymy grek dilindäki «Okus» sözünden alnypdyr. Gadymy hytaý çeşmelerindäki Gündogar bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlarynyň aglabasy atlandyrylanda, şol döwürlerdäki grek diliniň adalgalaryndan ugur alnypdyr.

Serdar MAŞARYKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar