Babadaýhan däpleri

13 Fewral 2024
712

Daýhanlarymyz togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak aladasy bilen gümra bolýarlar. Bu döwürde azaphon halkymyz ekerançylyk, daýhançylyk işlerine girişip, ýere tohum sepýär. «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip, sepilýän tohumyň bitginli bolmagy dileg edilip, sadaka aýdylmagy halkymyzyň bu işlere bolan ynamyny beýan edýär.

Halkymyz ekin işlerinde her bir pursady ýagşylyga ýorupdyr. Mysal üçin, olar ekin ekiljek ýer taba gelende, syňrykdan gaçan ýa-da öküziň şahyna degip, öňürti ýere düşen tohumyň sepilen tohumdan öňürti gögerýändigine ynam edipdirler. Ekiş güni söwüş edip, mal soýmak, ussat, tejribeli daýhanlardan: «Ekiniňiz bitgir, guralyňyz ötgür bolsun!» diýip ak pata almak, birek-birege tohumyň müňlemegini arzuw etmek ýaly dessurlar daýhanlaryň durmuşynda çuň mana eýe bolupdyr.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar