Sardoba – şöhratly taryhyň kämil çöl desgasy

19 Fewral 2024
307

Kim ýagyş ýagan döwri çölde bolan bolsa, güýçli ýagan ýagyşdan soň gumuň tebigy oý ýerlerinde suwuň ýygnanýandygyny bilýän bolsa gerek. Bu suwlar ol ýerde az wagtlyk saklanyp galýar. Şeýle suwlary uzak wagtlaýyn saklanyp galmagyna hem-de netijeli peýdalanmagyna şertleri döredýän tehnologiýalar asyrlar boýy döredilipdir. Bu tehnologiýalardan iň ygtybarlysy hem-de ähmiýetlisi kaklar hem-de sardobalar hasaplanylýar. Çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz Garagumuň sähraýy ýaýlalarynda, öri meýdanlarynda ine-gana ýaýnap ýören goýundyr geçilerini, düýelerini suwa ýakmak üçin guýulardyr kaklar bilen birlikde, sardobalaryň hyzmatyndan hem peýdalanypdyrlar.

Çarwa ilatynyň, adamlarynyň “çöl howuzy” diýip atlandyran sardobalary barada gürrüňe başlamazdan öňürti kak suwy, kaklar barada aýtsak has ýerlikli bolsa gerek. Kak suwunyň üstüniň açyk bolmagy yssy howada çalt bugaryp gutarmagyna getiripdir. Daş-töwereginiň goragsyzlygy bolsa, ondaky suwuň hapalanmagyna sebäp bolupdyr. Suwuň her damjasyny altyna deňän pederlerimiz ony isrip etmezlige çalşyp, kak suwuny saklamagyň rejeli we kämil usulyny döretmegi başarypdyrlar. Öňi bilen kak suwunyň daşyna gorag diwarlaryny aýlapdyrlar. Gorag diwary çöl ösümliklerinden, berdaşly çöl daragtlaryndan, palçykdan gurlupdyr. Kakyň daş-töweregine aýlanan gorag diwary suwuň hapalanmazlygynyň bellibir derejede öňüni alsa-da suwy bugarmakdan gorap, saklap bilmändir. Ata-babalarymyz bu meseläni sardobalary gurmak arkaly çözüpdirler. Şonuň üçin-de sardobalar çarwa ilatynyň arasynda “çöl howuzy” diýlip atlandyrylypdyr.

Gülnara BABAÝEWA
Çärjew etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy
Beýleki habarlar