Halkyň kalbyna siňen şahyr

14 Fewral 2024
451

Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzünde äşgär eden beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldaryň halkyň uly söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde tutýan orny uludyr. Magtymgulynyň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, ahlagyň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.

2024-nji ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkymyz agzybirlikde  belläp geçer. Munuň şeýledigine häzirki döwürde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, okuw jaýlarynda giň gerimli çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy hem akyldara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Berdinýaz KERIMOW,
Bäherden etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar