Söz manysyn aňar bolsaň...

15 Fewral 2024
454

«Baş bolmasa, göwre läş» manyly nakyly adamlar, köplenç, gowy ýolbaşçy bolmasa, iş ýöremeýär diýen manyda ulanýarlar. Ol barada halk arasynda şeýle rowaýat bar.

Adam bedeniniň agzalary öz aralarynda dawa edipdirler. Süňk: «Eger men bolmasam, adam ýerindenem turup bilmez, hamyr ýaly bulaşyp ýatar» diýipdir. Gan aýdypdyr: «Eger men adam bedeninde ýap ýaly akyp durmasam, ol ösüp, ulalyp bilmez». Onsoň ham: «Adamyň tenini ýylmanak, owadan edip görkezýänem, goraýanam, endamy ýakymly edýänem men» diýipdir. Soňra ruh: «Eger men bolmasam, adamyň hiç zada höwesi bolmaz, ony hemme zada ruhlandyrýan men» diýipdir. Kellä gezek ýetende, ol: «Adamlar «Baş bolmasa, göwre läş» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Siziň hemmäňiz maňa bagly» diýipdir.

Baýram GOÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory.
Beýleki habarlar