Zergärçilik sungaty — milli gymmatlyk

20 Fewral 2024
556

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda milli ýörelge, nusgalyk ýol kemala gelipdir. Şeýle nusgalyk ýol ussatlaryň zehininden, paýhasyndan ýola goýlandyr. Bu babatda sungat eserleri, has takygy, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle ajaýyp sungatyň biri hem zergärçilik sungatydyr, çünki zergärçilik sungatynyň netijesinde gözelligiň nusgasy şaý-sepler, bezegler döreýär. Bu sungat örän ünslüligi, paýhaslylygy we ussaçylygy talap edýär. Munuň özi bu sungaty ýöredýänleriň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny aňladýar.

Bimöçber zähmeti talap edýän zergärçilik sungatynda ata-babalarymyz asylly ýol goýmagy başarypdyrlar. Şonuň netijesinde hem milli şaý-seplerimiziň aýratynlyklary, gözelligi dünýäni haýrana goýýar. Şeýle bolansoň zergärçilik hakynda nusgawy edebiýatymyzda hem yzygider duş gelmek bolýar. Nusgawy edebiýatda gelin-gyzlaryň şaý-seplerini, bezeglerini wasp edýän goşgulara, gazallara duş gelmek bolýar. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyzda beýan edilýän şeýle goşgular hem, aslynda zergärçilik sungaty hem ylmy esasda öwrenilýär. Munuň özi milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän ýörelgelerimize belent sarpany aýdyň beýan edýär.

Mährijemal BAGŞYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 134-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar