Ýagşy-ýamanyň serhedi

10 Fewral 2024
442

Degerli zat ýatdan çykanok. Täsirli waka-da, sözem hakydadan orun alýar. Olary gaýta-gaýta ýatlamaga sebäbem tapdyryp dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz gaýynenesi, milletiň käbesi saýylýan Ogulabat ejäniň taýýarlan alajalaryny we bu işde ulanan guralyny Döwlet muzeýine tabşyrmagy waka hökmünde-de, pursat hökmünde-de ýatda galyjy boldy. Milli gymmatlyklar beýik şahsyýetleriň ady bilen baglaşanda, olaryň gadyry artyp, göz öňüňde, aňyňda mukaddesliklere öwrülip başlaýar. Alajany türkmen şu gün görenok. Köpdürlüligi bilen ol kän asyrlardan bäri türkmeniň medeniýetinde mynasyp orun eýeläp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimiziň süňňüne we aňyna yzygiderli ornaşdyrýan asyllylyk taglymatynyň esasynda görnükli, uly iliň gümansyz uýýan şahsyýetlerine, her bir senediň we sungatyň hak eýeleriniň — läheňleriniň keşbine daýanmak bar. Bu babatda iň äşgär we uly mysal hökmünde pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyraga, onuň jemgyýetimizdäki ornuna, dünýä giňişligine ýaýrap barýan täsirine ýüzlenip bileris.

Alaja — paýhasyň salgysy. Türkmen alajasynyň täsiri, manysy barada sansyz kän pikirleriň, bahalaryň, tassyklamalaryň içinden şu kesgitleme, näme üçindir, hakykata has ýakyn görülýär. Elbetde, ol hemme bezegleriň, lybaslaryň gelşigi. Göz-dilden goranmak babatda-da onuň ähmiýetini inkär edip bolmaz. Ýöne, pikir edip görseň, durmuşyň özi ak-garadan, ýagşy-ýamandan, gije-gündizden... mäkäm işilip, ynsanlaryň boýnuna dakylan alajabag ýaly bolup dur. Pelsepewi pikirlenip bilýän adam bilegindäki, boýnundaky ýa lybasyndaky alaja garap, durmuşda kynyň-aňsadyň, ýeňil-agryň, horlugyň-eşretiň gezekleşip gelip durýandygyna we olara taýyn bolmalydygyna kemsiz düşünýär. «Synagdan geçmedige sylag ýok» diýlişi ýaly, türkmençilikde her hili ýagdaýda-da sabyrly, kanagatly, umytly bolmak ündelýär.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar