''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Işine yhlasly telekeçi

Ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmeklige, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaklyga saldamly goşant goşmak ugrunda telekeçilerimiz guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Olar öndürýän önümleriniň görnüşlerini, hilini, bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzda önüm öndürijilere goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde welaýatymyzda hususy hojalyklarynda halkyň islegli önümlerini öndürýän, iş başarjaň hususyýetçiler az däl. Olaryň biri hem Köneürgenç etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň Gumgala obasynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýagşymyrat Altyýewdir. Ol birnäçe ýyldan bäri oba hojalyk ekinleri üçin örän peýdaly, ekologik taýdan arassa dökün bolan biogumus öndürýän gyzyl kaliforniýa ýagyş gurçuklaryny köpeldip, ony welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrmak bilen meşgullanyp gelýär. Biogumus düzümindäki iýmit maddalary ösümlik üçin örän peýdaly bolan organiki dökün. Ol topragyň tebigy gurplulygyny tiz dikeldýär, ösümligiň gögermegini, ösüşini çaltlaşdyrýar we hasyllylygyny ýokarlandyrýar. Düzümi dürli mikro elementlere baý bolan bu dökün ekinleriň immunitetini ýokarlandyr

Uly iliň soltanynyň şanyna

Halkymyz gallany berekediň gözbaşy, mele-myssyk nany nygmatlaryň naýbaşysy hasaplaýar. Şol sebäpli daýhanlar topraga tohum sepmäge girişenlerinde birek-birege «Her bir dänäň müň bolsun!», oraga girişenlerinde bolsa «Harmanyňa bereket!» diýip, ýagşy dileg edýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa bu dabaralar uly toý tutumy bilen bellenilýär. Üstümizdäki ýylyň galla oragyna girişilmegine bagyşlanan dabara hem ýatdagalyjy wakalara baý boldy. Ol bereketliligiň, bolçulygyň, rowaçlygyň aýdyň ýüze çykmasy bolup, joşgunly kalplara ýakymly nuruny çaýdy. Aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen dabara bereketli türkmen topragynyň dürli naz-nygmatlarynyň, desterhanlaryň bezegi bolan çörek we çörek önümleriniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň azyk Garaşsyzlygyny berkitmek maksady bilen başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýändiginiň aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Ene ýeriň berekedi

Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna bol hasyl toplamagy başarýan «Hatap» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daýhanlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy hakyndaky çözgüt daýhanlarymyzyň ruhlaryny belende göterdi — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Hakyýew şatlygyny paýlaşýar.

Altynsow çäç beýgelýär

Ekin ene ýeriň bezegidir, ýaraşygydyr. Olaryň arasynda uly iliň soltany saýylýan bugdaý aýratyn orny eýeleýär. Bugdaý nygmatlaryň naýbaşysy, berekediň gözbaşy hasaplanylýar. Gallanyň bolçulygyny döretmek işine etrabymyzyň ussat ýer eýeleri agzybirlik bilen gatnaşýarlar. Şu möwsümde etrabymyz boýunça 15,9 müň gektar meýdanda orak geçirilýär. Bu işe kuwwatly kombaýnlaryň 40-sy çekildi. Olaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanda bugdaý orulýar. Etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tejribeli kombaýnçylary Begzad Oralow, Narzulla Ýangibaýew dagy her günde 15 — 20 gektar meýdanda orak geçirip, bu işde öz kärdeşlerine görelde bolýarlar. Şeýle gaýratly adamlaryň birleşen tagallalary arkaly altynsow çäjimiz barha belende galýar.

Hususyýetçileriň goşandy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň içerki bazarlarynda öz topragymyzda öndürilýän önümleriň hasabyna azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, önümleriň bahalarynyň elýeterliligini gazanmak hakyndaky sargytlaryna mynasyp jogap berýän babadaýhanlarymyz ýylyň-ýylyna azyklyk ekinleriň dürli görnüşini ýetişdirip, önümleriň bol hasylyny kemala getirýärler. Bu işe Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerini ekip, bol hasyl alýan hususyýetçiler hem uly goşant goşýarlar. Şeýle hususyýetçileriň birisi Artur Hallakow hem topraga ak ýürekden hyzmat edýär. Ol geçen ýylyň güýzünde sogan eken 5 gektar meýdanyndan 125 tonnadan geçirip hasyl almagy başardy. Artur özüniň zähmetiniň ýerine düşendigini begenç bilen bize buşlady. Batyr Rozyýew hem etrapda ýerden bol hasyl öndürmegi başarýan tejribeli hususyýetçileriň biri hasaplanylýar. Ol ýylyň-ýylyna özüniň 4 gektarlyk ýyladyşhanasynda pomidor ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýar. Batyr geçen ýyl 338, 5 tonna pomidor hasylyny ýygnap, ildeşlerimize hödürledi. Üstümizdäki ýylda hem telekeçi ýigidiň yhlasly zähmeti ýerine düşýär. Pomidoryň bol hasyly kemala getirildi. Häzire çenli 230 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, bazarlara çykaryldy. Biýaralarda hasyl entek köp. Ýene-de 100 tonn

Galla — 2024

Ýygymyň bady artýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça uly ösüşler gazanylýar. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli göwrümli işler durmuşa geçirilip, ýokary netijelere eýe bolunýar.

Gallaçylaryň armasy ýetirilýär

Galla oragynyň gyzyşýan häzirki günlerinde oba zähmetkeşlerini zähmet üstünligine ruhlandyrmak, ýetişdirilen gymmatly hasyly öz wagtynda ýygnap almak we möwsüme gatnaşyjylaryň armasyny ýetirmek babatdaky tagallalarda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary hem işjeňlik görkezýärler. Möwsümiň dowamynda welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda etraplaryň daýhan hojalyklarynyň we daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde gallaçylar üçin guralýän medeni-dynç alyş dabaralarynyň täsirli bolmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem mynasyp tagalla edýärler. Oba hojalygynda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsümine gatnaşyjylaryň arasynda meýdan düşelgelerindäki dabaralarda aýdym-sazly çykyşlara, kitap sergilerine we azyk önümleriniň söwda-satuwyna giň orun berilýär. Olaryň barşynda ýaş gallaçy kärendeçilere, kombaýnlaryň mehanizatorlaryna, şeýle-de awtoulag sürüjilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň sowgatlary hem gowşurylýar. Şeýle çäreler jogapkärli möwsüme gatnaşýan gallaçylaryň ruhuny göterýär.

Ýaşaýşyň dowamat-dowamy, bugdaý!

31-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň azyk bolçulygyny artdyrmakda saldamly goşant goşýan gallaçy daýhanlarymyzyň tutuş ýylyň dowamynda çeken asylly zähmetleriniň miwesi bolan galla oragyna Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda 7-nji iýunda, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda bolsa 14-nji iýunda başlanmagyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň beren ak patasyndan ruhlanan gallaçy daýhanlarymyz geçen hepdäniň anna güni ýurdumyzyň üç welaýatynda il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen, galla oragyna girişdiler. Biz hem galla oragyna badalga berliş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.

Gowaçalarda hatarara bejergi işleri

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda azyk bolçulygyny döretmek üçin esasy oba hojalyk ekinleri bolan bugdaýyň, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň, miweli baglaryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge hem-de maldarçylyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Gowaçadan ýokary pagta hasylyny almak üçin esasy agrotehniki çäreler, ýagny gämikler gögerip çykandan soň, hatarara bejergi işleri geçirilýär. Gowaçadan doly gögeriş alnandan soň ilkinji hatarara bejergi işleri geçirilýär, toprak ýumşadylýar.

Taýýarlyklar ýokary derejede

Boldumsaz etrabynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 22 müň 500 gektar ýerde bugdaý ekip, ýetişdirilen hasyldan şu ýyl 41 müň 550 tonna däne almagy maksat edinýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu asylly maksada ýetmek üçin möwsüme ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň we galla oragyna guramaçylykly girişmelidigine oňat düşünýärler. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda däne orujy kombaýnlaryň 49-sy irgözinden taýýar edilip, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Elewatorlardyr kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi, galla hasylyny daşamaga gatnaşdyryljak awtoulaglaryň sany hem kesgitlenildi. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň işgärleri gallaçy kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip, höweslendiriş çärelerini geçirmäge meýilleşdirýärler. Jogapkärli möwsümiň dowamynda geçiriljek şeýle çäreleriň däne oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirip, kärendeçileri zähmet üstünligine ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Çäjiňe bereket, gallaçy!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunynda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi. Welaýatymyzda galla oragyna oňat taýýarlyklar bilen gelindi. Däne orujy tehnikalar, ammarlardyr elewatorlar, bassyrmalar, hasyly bökdençsiz daşamaga gatnaşjak awtoulaglar öňünden doly taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Möwsüme gatnaşyjy degişli hünärmenler bilen hasyly ýangyndan goramak, tehniki howpsuzlygynyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Galla oragyna badalga bermek bilen baglanyşykly dabaranyň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan maslahatda hem şular dogrusyndaky gürrüňe aýratyn üns gönükdirildi.

Ýeralmaçylaryň zähmet üstünligi

Tomsuň ilkinji günlerinde welaýatymyzyň oba hojalykçylary ýeralma ýetişdirmek boýunça ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar ýeralmaly meýdanlardan 19 müň 778 tonna hasyl alyp, meýilnamany 100,9 göterim berjaý etdiler. Gazanylan zähmet üstünliginde welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky edermen daýhanlaryň goşandy bar. Şunda iň uly paý Çärjew etrabynyň oba hojalykçylaryna degişlidir. Olar 6 müň 735 tonna hasyl alyp, kemala gelen harmanyň agramly bölegini amal etdiler. Göterim babatynda alnanda, iň ýokary netijäni Hojambaz etrabynyň daýhanlary gazandylar. Olar 10-njy iýuna çenli 420 tonna hasylyň ornuna 434 tonna hasyl alyp, meýilnamany 103 göterimden hem geçirip amal etdiler.

Galla oragy gyzyşýar

Şu ýylyň bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin 690 müň gektar ýer bölünip berildi. Şonça ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýlup, oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.

Galla oragy — bereket bulagy

Türkmenistan döwletimizde möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Hususan-da, şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Galla hasylynyň gyzgalaňly möwsümi

Toprak daýhanyň yhlasyndan gülleýär. Yhlas siňen ýere bereket bulagy açylýar. «Herekete – bereket» diýen pähime eýerýän halkymyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, bazarlarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar bereketli topragymyzdan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny ýyl-ýyldan artdyrmagy maksat edinýärler. Şeýle asylly maksat bilen çekilen zähmet bolsa öz miwesini bolluk bilen eçilýär. Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Diýarymyzda şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gyzgalaňly möwsüm – galla oragy dowam edýär. Gallaçy daýhanlar arly ýyl yhlasly çeken zähmetiniň netijesine guwanyp ýetişdirilen bol hasyly ýygnaýarlar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň welaýatlarynda babadaýhanlaryň yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bugdaýly meýdanlar bereket bulagy bolup, görenleriň gözlerini dokundyrýar. Olar daýhanyň göwün guşuny al-asmanda galgadyp, ýeneki üstünliklere galkyndyrýar. Bu bolsa döwletimizde ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýetilen belent sepgitler döredilen ýer gaznasyndan bölünip berlen ýer parçasynyň topragyň «diline» düşün

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

7-nji iýunda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy ösdürmek, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Oba hojalyk ministrliginiň düzüminiň täzeden guralmagy we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi bellenilmäge mynasypdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişd

Gazagystanda dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar

Gazagystanyň Türküstan sebitinde dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar. Taslamanyň birinji tapgyrynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýyllyk 30 müň tonna pomidor öndürmäge ukyply 50 gektardan gowrak bölegi gurlup ulanylmaga berler. Soňra bu taslamanyň ýyllyk önümçiligini 240 müň tonna, umumy meýdanyny bolsa 500 gektara çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şeýlelikde, ol dünýädäki iň uly ýyladyşhana öwrüler. Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň «Eko-Kultura» agroholdingi tarapyndan maýa goýuldy. Ýeri gelende bellesek, dünýä ýüzündäki ýyladyşhanalaryň umumy meýdany soňky 40 ýylda 43 esse artyp, häzirki wagtda 13,2 müň inedördül kilometre ýetdi.

Täjigistan oba hojalyk önümleriniň eksportuny 45 göterim artdyrdy

Täjigistan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde 18 ýurda oba hojalyk önümlerini eksport etdi. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligi habar berdi. Hasabat döwründe Täjigistanyň daşarky bazarlara iberen oba hojalyk önümleriniň mukdary 84,3 müň tonna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 26,2 müň tonna ýa-da 45 göterim ýokarydyr.

Edermen ýüpekçileriň zähmet ýeňşi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýan ýüpekçiligi ösdürmek, ak piläniň öndürilişini artdyrmak babatdaky taýsyz tagallalaryndan, goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu gymmatly önümiň bereketli hasylyny ýetişdirmek baradaky Kararynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, agzybirlikli zähmet çeken ýurdumyzyň pileçi kärendeçileri meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Welaýatymyzyň pileçileri Watan harmanyna 500,7 tonna çig pile tabşyryp, bu baradaky meýilnamany 100,14 göterim ýerine ýetirdiler. Guwandyryjy üstünligiň gazanylmagyna Şabat, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň pileçileri saldamly goşant goşdular. Şonuň ýaly-da ezber ýüpekçileriň köp sanlysynyň ýeten sepgitleri olaryň möwsümiň dowamynda gije-gündiz ýadawsyz iş alyp barandyklaryna şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Bekpaşşa Döwletowa, Eziza Ryzaýewa, şu etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginden Täzebaý Saparbaýew, Azimbaý Yzbastyýew, Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginden Muham Güýşenow, Orazmyrat Dosyýew, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» d

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler. Türkmen halkynyň iň gadymy ekerançylyk medeniýetini esaslandyryjylaryň biridigi bellärliklidir. Munuň şeýledigini köp sanly arheologik barlaglaryň netijeleri hem tassyklaýar. Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda topragy özleşdirmegiň baý tejribesine esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdir. Çörege ähli döwürlerde-de mukaddeslik hökmünde garalyp, ol bolçulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanypdyr. Watanymyzyň “altyn” harmanyny barha beýgeldýän galla önümçiliginiň möçberiniň meýilnamalaýyn esasda artmagy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň we gülläp ösüşiniň, türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.