Çäjiňe bereket, gallaçy!

11 Iýun 2024
171

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda welaýatlarda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda şu ýylyň 7-nji iýunynda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa, 14-nji iýunynda galla oragyna hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen başlamaga ak pata berdi. Şonuň bilen baglylykda, geçen hepdäniň anna güni welaýatymyzda galla oragyna dili senaly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý ruhunda girişildi.

Welaýatymyzda galla oragyna oňat taýýarlyklar bilen gelindi. Däne orujy tehnikalar, ammarlardyr elewatorlar, bassyrmalar, hasyly bökdençsiz daşamaga gatnaşjak awtoulaglar öňünden doly taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Möwsüme gatnaşyjy degişli hünärmenler bilen hasyly ýangyndan goramak, tehniki howpsuzlygynyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Galla oragyna badalga bermek bilen baglanyşykly dabaranyň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bolan maslahatda hem şular dogrusyndaky gürrüňe aýratyn üns gönükdirildi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: galla oragyna girişmek dabarasyndan pursatlar.
Beýleki habarlar