Gallaçylaryň armasy ýetirilýär

12 Iýun 2024
200

Galla oragynyň gyzyşýan häzirki günlerinde oba zähmetkeşlerini zähmet üstünligine ruhlandyrmak, ýetişdirilen gymmatly hasyly öz wagtynda ýygnap almak we möwsüme gatnaşyjylaryň armasyny ýetirmek babatdaky tagallalarda welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary hem işjeňlik görkezýärler. Möwsümiň dowamynda welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda etraplaryň daýhan hojalyklarynyň we daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde gallaçylar üçin guralýän medeni-dynç alyş dabaralarynyň täsirli bolmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň işgärleri hem mynasyp tagalla edýärler.

Oba hojalygynda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsümine gatnaşyjylaryň arasynda meýdan düşelgelerindäki dabaralarda aýdym-sazly çykyşlara, kitap sergilerine we azyk önümleriniň söwda-satuwyna giň orun berilýär. Olaryň barşynda ýaş gallaçy kärendeçilere, kombaýnlaryň mehanizatorlaryna, şeýle-de awtoulag sürüjilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap Geňeşleriniň sowgatlary hem gowşurylýar. Şeýle çäreler jogapkärli möwsüme gatnaşýan gallaçylaryň ruhuny göterýär.

Mesgengylyç NURGYLYJOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar