Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

9 Iýun 2024
80

7-nji iýunda Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin dileg edip, «Çäjiňe bereket!» sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy ösdürmek, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Oba hojalyk ministrliginiň düzüminiň täzeden guralmagy we «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi bellenilmäge mynasypdyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz bugdaýyň hem-de pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar