Taýýarlyklar ýokary derejede

11 Iýun 2024
169

Boldumsaz etrabynyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde 22 müň 500 gektar ýerde bugdaý ekip, ýetişdirilen hasyldan şu ýyl 41 müň 550 tonna däne almagy maksat edinýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu asylly maksada ýetmek üçin möwsüme ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň we galla oragyna guramaçylykly girişmelidigine oňat düşünýärler. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynda däne orujy kombaýnlaryň 49-sy irgözinden taýýar edilip, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Elewatorlardyr kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi, galla hasylyny daşamaga gatnaşdyryljak awtoulaglaryň sany hem kesgitlenildi.

Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň işgärleri gallaçy kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip, höweslendiriş çärelerini geçirmäge meýilleşdirýärler. Jogapkärli möwsümiň dowamynda geçiriljek şeýle çäreleriň däne oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirip, kärendeçileri zähmet üstünligine ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Jumamyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar