Gazagystanda dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar

9 Iýun 2024
91

Gazagystanyň Türküstan sebitinde dünýädäki iň uly ýyladyşhana gurulýar. Taslamanyň birinji tapgyrynda 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýyllyk 30 müň tonna pomidor öndürmäge ukyply 50 gektardan gowrak bölegi gurlup ulanylmaga berler. Soňra bu taslamanyň ýyllyk önümçiligini 240 müň tonna, umumy meýdanyny bolsa 500 gektara çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şeýlelikde, ol dünýädäki iň uly ýyladyşhana öwrüler. Bu taslama Russiýa Federasiýasynyň «Eko-Kultura» agroholdingi tarapyndan maýa goýuldy.

Ýeri gelende bellesek, dünýä ýüzündäki ýyladyşhanalaryň umumy meýdany soňky 40 ýylda 43 esse artyp, häzirki wagtda 13,2 müň inedördül kilometre ýetdi.

Mekan SERDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar