Ene ýeriň berekedi

12 Iýun 2024
182

Kerki etrabynda oba hojalyk ekinlerinden ýylyň-ýylyna bol hasyl toplamagy başarýan «Hatap» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary etrapda ilkinji bolup döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daýhanlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary üçin oňaýly şertler döredilýär. Ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy hakyndaky çözgüt daýhanlarymyzyň ruhlaryny belende göterdi — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Merdan Hakyýew şatlygyny paýlaşýar.

Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar